TÜRKMENISTANYŇ WE TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ HÖKÜMET WEKILLERINIŇ ARASYNDA TÜRKMENBAŞY HALKARA DEŇIZ PORTUNDA SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň edara binasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirildi.

Gepleşige türkmen tarapyndan “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ-niň ýolbaşçylary hem-de wekilleri we tatar tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri A.Karimow, “Ak bars” Gämi gurluşyk korporasiýasy” PJ-niň Baş direktory we işgärleri, “A.M.Gorkiý adyndaky Zelenodolsk zawody” PJ-niň ýolbaşçylary hem-de zawodyň wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşigiň maksady ýurdumyzyň milli deňiz söwda flotuny ösdürmek boýunça ýakyn geljekde gurdurylmagy göz öňünde tutulýan dürli görnüşli gämileriň gurluşygy barada meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdy.

Gepleşigiň barşynda häzirki wagtda deňiz ulaglary arkaly gury ýük daşamalaryň işjeňleşýändigi sebäpli, gury ýük daşaýan gämilerine bolan islegleri göz öňünde tutup, gury ýük daşaýan gämisini gurdurmagyň ileri tutulýan taslama bolup durýandygy tatar tarapyna mälim edildi.

Tatar tarapy öz gezeginde gämi gurluşyk babatda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigi we bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy barada habar berdi.

Gepleşigiň barşynda gämi gurluşygyny maliýeleşdirmek meselelerine hem garaldy.