AŞGABATDA TERRORÇYLYGY MALIÝELEŞDIRMÄGE GARŞY GÖREŞMEK BARADAKY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLÝAR

2019-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Aşgabatda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky Ýewraziýa toparynyň (Ýewraziýa topary) 31-nji Umumy mejlisi açyldy. Ýewraziýa toparynyň wezipesi halkara terrorçylygynynyň howpyny, döwletleriň maliýe ulgamynynyň aýdyňlygyny, ynamlylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek arkaly azaltmaklyga ýardam etmekden ybaratdyr.

Umumy mejlisiň işine Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň wekiliýetleri, has takygy Belarus Respublikasy, Hindistan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan Respublikasy, Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

31-nji Umumy mejlisiň çäklerinde Ýewraziýa toparynyň Özara baha bermek we hukuk meseleleri boýunça hem-de Tehniki ýardam bermek boýunça iş toparlarynyň duşuşyklary hem geçirildi. Ýewraziýa toparyna agza ýurtlaryň terrorçylyga we ony maliýeleşdirmege garşy göreşmekde alyp barýan işlerine garaldy hem-de terrorçylygy maliýeleşdirmege garşy göreşmek bilen bagly ulgamdaky meseleleriň wajyp ugurlary kesgitlendi.

Taraplar Belarus Respublikasynyň özara baha bermek boýunça hasabatlaryny we Gyrgyz Respublikasynyň ýokarlandyrylan monitoringiň çäklerindäki ösüşi baradaky hasabatyny diňlediler. Ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda Ýewraziýa toparynyň kadrlar we maliýe resminamalaryna üýtgeşmeler girizildi. Şeýle hem mejlisiň çäklerinde Ýewraziýa toparynyň Tipologiýalar, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we jenaýatçylyga garşy hereket etmek boýunça iş toparynyň mejlisiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

29-njy noýabrda tamamlanjak duşuşyga gatnaşyjylar, wideomaslahatyň üsti bilen terrorçylygy we ony maliýeleşdirmäge garşy göreşmegiň ýollaryny we mehanizmini jebislendirmekligi, bu ugurda nobatdaky tejribäni paýlaşmak hem-de ýakyn geljekdäki bilelikdäki çäreleriň temasyny saýlamaklyga seredýärler.