“ARAL DEŇZI SEBITINDÄKI ÝURTLARA KÖMEK BERMEK BOÝUNÇA HEREKETLERIŇ TÄZE MAKSATNAMASYNY” IŞLÄP DÜZMEGIŇ ÇÄKLERINDÄKI DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 25-nji noýabrynda iki günlük Aşgabatda «Aral deňzi sebitindäki ýurtlara kömek bermek» hem-de «AHHG-nyň guramaçylyk we hukuk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça hereketleriň maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin iş toparlarynyň üçünji duşuşygy geçirilýär.

Duşuşyk Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak» atly sebitleýin maksatnamasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi (CAREC) bilen bilelikde amala aşyrylýan Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada Neksus Dialog» atly taslamasynyň goldaw bermeginde AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guraldy. Duşuşyga AHHG-nyň gatnaşyjy-ýurtlarynyň ýerli we halkara bilermenleri gatnaşdylar.

Mejlisiň ilkinji güni gatnaşyjylar Aral deňzi sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň täze maksatnamasy (ADSM-4) babatda täze tekliplere seredip geçdiler hem-de sosial-ykdysady we ekologiýa ugurdaky degişli meseleler barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň AHHG başlyklyk etmeginiň çäklerinde amala aşyrylýan çäreleriň netijeliligi barada aýdyp, gatnaşyjylar sebitde Aral çökgünligi bilen bagly dörän suw hojalygy, sosial-ykdysady we ekologiýa meseleleri çözmäge gönükdirilen öňki maksatnamalaryň üstünligini bellediler.