Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wýaçeslaw Beskostyny kabul etdi, ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna rowaçlyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Belarusuň ygtybarly hyzmatdaş bolan Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge üýtgewsiz ygrarlydygy tassyklanyldy.

Milli Liderimiz dostlukly ýurduň ýolbaşçylygyna we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Wýaçeslaw Beskostyny jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de işinde üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň deňhukuklylyk we özara hormat goýmak esasynda guralýan oňyn ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagy hem-de giňeltmegi ugur edinýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hem-de Belarusuň doly ygtyýarly wekili döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyp, ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny bellediler, munuň özi iki tarapyň hem uzak möhletleýin bähbitlerine kybap gelýär.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň amala aşyrylýan strategiýasy, innowasiýa häsiýetli önümçilikleriň döredilmegi hem-de eksport ugurly önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmek bilen baglylykda türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin giň mümkinçilikler açylýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek, möhüm taslamalary bilelikde amala aşyrmak, okgunly häsiýete eýe bolan özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň özenini düzdi.

Milli Liderimiz we diplomat göni işewürlik gatnaşyklaryny höweslendirmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, geljegi uly türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň muňa ýardam etjekdigini nygtadylar. Şunda Hökümetara türkmen-belarus toparyna aýratyn orun degişlidigi bellenildi.

Biziň ýurtlarymyzyň syýasy ulgamda gatnaşyklaryň oňyn tejribesine eýedigi, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýändigi nygtaldy.

Türkmenistan bilen Belarus Merkezi Aziýada hem, Gündogar Ýewropa sebitinde hem howpsuzlygy durnuklaşdyrmak boýunça möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň iri halkara guramalaryň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi aýratyn nygtaldy.

Ilçi pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnamany kabul etmegi bilen gutlady, bu resminamany halkara bileleşik biragyzdan goldady.

Şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek hem-de ýakyn günlerde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçiriljek geňeşiniň we Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibi barada pikir alşyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz hem-de diplomat ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň möhümdigi barada aýtmak bilen, medeniýet, ylym, bilim we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky pikiri beýan etdiler. Ýakyn wagtda Belarus Respublikasynda geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ähmiýeti bellenildi.

Diplomat duşuşygyň ahyrynda mähirli kabul edilendigi hem-de türkmen-belarus gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, iki döwletiň hem-de halkyň arasynda däp bolan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.