Türkmen artistleri — halk tanslarynyň halkara bäsleşiginiň ýeňijileriniň hatarynda

Ýakynda Türkiýäniň Bursa şäherinde «Altyn Garagöz» ady bilen halk tanslarynyň 33-nji halkara bäsleşigi tamamlandy, bu bäsleşikde «Laçyn» tans-saz folklor topary ikinji orny eýeläp, kümüş kuboga we uly pul baýragyna mynasyp boldy.

«Laçyn» tans-saz folklor topary bu abraýly bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny hem-de adatlaryny saz we tans sungatynda ussatlyk bilen görkezdiler. Artistleriň ajaýyp milli lybaslary, nepis nagyşlar bilen bezelen şaý-sepleri olaryň çykyşlaryna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Bu toparyň şu gezekki üstünligi, olaryň ussatlygynyň we döredijilik başarnyklarynyň ykrar edilmeginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Toparyň agzalarynyň sahna keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi hem-de ukyp-zehini tomaşaçylarda gyzgyn seslenme döretdi.

Medeniýet gujur-gaýratyň çäksiz çeşmesidir. Ol her günde her bir halkyň milli aýratynlyklarynyň kemala gelmegine ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Bu bäsleşik Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň howandarlygynda geçirildi, bu guramanyň esasy işi türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini höweslendirmekden, umumy maddy we medeni gymmatlyklary gorap saklamakdan hem-de geljekki nesillere ýetirmekden ybaratdyr.

Bu halkara bäsleşigi diňe bir türki dilli halklaryň arasynda meşhur bolmak bilen çäklenmeýär. Şu gezekki tans boýunça bäsleşiklere ýigrimi alty ýurtdan, şol sanda Dagystandan, Meksikadan, Gruziýadan we beýleki ýurtlardan folklor toparlary gatnaşdylar.

«Laçyn» topary 2008-nji ýylda döredildi. Bu döredijilik toparynyň döredilmeginiň maksady folklor mirasyny, milli tansy, halk aýdymlaryny gaýtadan dikeltmekden hem-de şonuň esasynda häzirki zaman türkmen sungatyny baýlaşdyrmakdan ybarat. Tans-saz topary uzak bolmadyk döwrüň dowamynda özboluşly döredijilik ýoluny tapyp, uly üstünlikleri gazandy.

2014-nji ýylda «Laçyn» topary Krasnoýarsk we Açinsk şäherlerinde Aziýa-Ýuwaş umman sebitiň ýurtlarynyň halkara saz festiwalynda çykyş edip, tomaşaçylara «Arkadag», «Asuda asmanyň laçynlary», «Bagt kerweni» we beýleki meşhur halk aýdymlaryny, tanslary, folklor we häzirki zaman aýdymlaryny täzeden işlenen görnüşde ýetirdi.

«Laçyn» tans-saz toparynyň agzalary Watanymyza gaýdyp gelen badyna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa döwletimiziň milli medeniýetiniň ösdürilmegine berýän uly ünsi hem-de halkara bäsleşiklerine we festiwallaryna gatnaşmak bilen türkmen halkynyň baý mirasyny wagyz etmäge döredilen mümkinçilikler we belent hormat-sarpa üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.