DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şarifzoda Farruh Homiddin bilen duşuşygy geçirildi.    

Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň aýratyn nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilmeginde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna gyşarnyksyz eýerýändigi hemmelere mälimdir.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwerlik ulgamnlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.