AŞGABATDA ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILIÝETINIŇ DÖREDILMEGI BARADAKY RESMINAMA GOL ÇEKILDI

2019-njy ýylyň 6-njy iýulynda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti hanym Federika Mogerininiň Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn syýasy gepleşikler, ykdysady we sebitleýin integrasiýa, şeýle hem medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň netijeli ilerledilmegi boýunça gazanylan üstünlikler bellenilip geçildi.

Taraplar Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasynyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, onda sebitleýin hyzmatdaşlygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň, energetiki howpsuzlygynyň, oňyn maýa goýum şertleriniň döredilmeginiň we ekologiýa meselelerini bilelikde çözmegiň wajyp orny bellenilip geçilendir. Taraplar şeýle hem Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen bir hatarda ulag ulgamlaryny we sebitleýin energetika infrastrukturasyny ösdürmek boýunça wajyp taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar we bilelikdäki strategiki maksatlaryň durmuşa geçirilmegine ygrarlydyklaryny belläp geçdiler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar «Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky Wekiliýetini döretmek, onuň artykmaçlyklary we goraglylygy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropa Birleşiginiň, Atom Energiýasy boýunça Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ylalaşyga» gol çekdiler, bu bolsa gatnaşyklaryň çäklerindäki ähmiýetli waka boldy.

Soňra ÝB-niň we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça guralan brifinge gatnaşdylar, oňa Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.  

Günüň birinji ýarymynda hanym Federika Mogerininiň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy tarapyndan kabul edildi.