ÝEWROPA BILELEŞIGI HEM-DE MERKEZI AZIÝANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK GIŇELDILÝÄR

2019-njy ýylyň 28-nji maýynda Belgiýanyň Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa Ýokary derejeli dialogyň syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça 6-njy mejlisi geçirildi.

Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, şeýle-de hormatly myhman hökmünde Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary gatnaşdy. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi ýolbaşçylyk etdi. Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bolsa mejlise Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Baş sekretarynyň orunbasary Žan-Kristofer Bellýar, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Burýan we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça direktory Lýuk Dewin gatnaşdy.  

Mejlisiň dowamynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýasynyň amala aşyrylyşy, şol sanda howpsuzlyk, söwda-ykdysadyýet, ulag, energetika ugurlardaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça teklipler barada pikir alyşdylar. Bilimi kämilleşdirmek, daşky gurşawy goramak we suw resurslaryny rejeli peýdalanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar howpsuzlyk ulgamdaky sebitleýin hyzmatdaşlygyň goňşy Owganystany çekmek arkaly geljekde berkidilmeginiň ähmiýetini belläp geçdiler hem-de bu ýurtdaky ýagdaýlary parahatçylyk arkaly çözmäge ählitaraplaýyn goldaw bildirdiler.  

Mejlisiň barşynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň hem sebitleýin, hem halkara derejede howpsuzlygy berkitmekdäki tagallalaryna ýardam etmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüji daşary syýasy ugry barada aýtdy. Şeýle-de dostlukly Owganystan halkyna bolan hoşniýetli goňşuçylyk syýasatymyz we ynsanperwer kömegimiz hakynda bellenip geçildi.