Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyzda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In Hazar sebitindäki örän iri senagat kärhanasyna — Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyna bardylar.

Habar berlişi ýaly, düýn Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleri uly üstünlikler bilen geçirildi, gepleşikleriň dowamynda dostlukly döwletleriň syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda oňyn hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändikleri hem-de taýýardyklary tassyklanyldy. Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçarda türkmen paýtagtyndan Türkmenbaşy şäherine ugrady. Şol ýerde, Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.

Az wagtdan şanly waka mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen kenarýaka şäheriň howa menzilinde Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň uçary gonýar. Belent mertebeli myhmana hormat-sarpa bildirilýär. Uçaryň ýanyna barýan haly düşelen ýodajygyň ugry boýunça uly hormat garawulynyň nyzamy düzülýär. Milli lybasdaky oglan we gyz koreý Liderine gül gowşurýarlar.

Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly kärdeşini mähirli garşylaýar. Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen salamlaşýarlar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mun Çže In özlerine garaşýan ulaga münýärler. Howa menzilinden döwlet Baştutanlarynyň ulag kerweni Gyýanly şäherçesine tarap ugraýar. Bu ýerde geçen ýylyň güýzünde polimer zawody ulanmaga berildi.

Bu iň häzirki zaman gazhimiýa toplumy «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «LG International Corp» we «Hyundai Engineering» (Koreýa) kompaniýalary tarapyndan «TOYO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň gatnaşmagynda bilelikde amala aşyryldy.

Döwlet Baştutanlary polimer zawodyna gelenlerinden soň, toplumyň çäginde ýörite gurnalan çadyra barýarlar. Bu ýerde gysgajyk tanyşdyryş dabarasy boldy. Onuň barşynda zawodyň direktory hem-de «Hyundai Engineering» kompaniýasy tarapyndan taslamanyň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmanlary kärhananyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Tanyşdyrylyş çäresi wideofilmiň görkezilmegi bilen utgaşdyryldy.

Bellenilişi ýaly, iň häzirki zaman toplumynyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge, onuň hasabyna her ýyl 386 müň tonna ýokary dykyzlykly polietilen, 81 müň tonna hem polipropilen öndürmäge mümkinçilik berýär. Şu önümleri öndürmek üçin tebigy gazyň düzüminden alnan zerur bolan etan, propan ýaly maddalardan başga galan arassa 4,5 milliard kub metr harytlyk gaz ýangyç hökmünde peýdalanmak üçin geçiriji ulgamlara akdyrylýar.

Bu zawod Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Belgiýadan, Germaniýadan, Daniýadan we Ýewropanyň beýleki ýurtlaryndan satyn alnan enjamlar bilen üpjün edilendir. Onuň düzüminde esasy dört tehnologiýa ulgamy: gazy süzgüçler arkaly arassalamak, etany gaýtadan işlemek, polietileni we polipropileni öndürmek boýunça tehnologiýalar bar. Işleriň hemmesi awtomatlaşdyrylandyr we merkezi dolandyryş ulgamyna birikdirilendir.

Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynda polimer önümçiligi iň häzirki zaman tehnologiýalary esasynda amala aşyrylýar, çig malyň täsin çözgütler boýunça ähli goşundylardan çuňňur arassalanylmagy bu önümçiligiň tapawutly aýratynlygydyr. Hususan-da, gazy süzgüçler arkaly arassalaýan ulgamda СOREFLUХTM tehnologiýasy peýdalanylýar, bu usul tebigy gazdan metany, etany netijeli aýyrmagy üpjün edýär, şeýle hem bütin dünýäde «turşy gazlar» diýlip atlandyrylýan we simap goşundylaryndan çig maly arassalamakda giňden peýdalanylýar.

Kömekçi ulgamlar gurnalanda — deňiz suwy toplanylanda we minerallardan arassalananda, senagat suwlaryny arassalamakda hem-de gaýtadan peýdalanmakda, buglar, howa we azot önümçiliginde, ýangyn howpsuzlygynda we beýlekilerde öňdebaryjy inženerçilik çözgütleri ulanylýar. Toplum gazturbina generatory arkaly elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Himiýa goşundylaryny hem-de taýýar polimer önümlerini saklamak üçin ammarlar guruldy.

Häzirki wagtda bu kärhana dünýäniň iň iri gazhimiýa zawodlarynyň biri bolup durýar. Bu taslamany durmuşa geçirmäge jemi 120-den gowrak koreý kompaniýasy, şol sanda gurluşyk ugurly hem-de serişdeleri we enjamlary öndürýän kompaniýalar gatnaşdylar. Işiň has gyzgalaňly döwri gurluşykda 13 müň adam işledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, taslama 2014-nji ýylyň noýabr aýynda başlandy we 2018-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda tamamlandy. Üstünlikli ulanyş synaglary geçirilenden soň, Gyýanlydaky polimer zawody buýruja —«Türkmengaz» döwlet konsernine geçirildi. Häzirki wagtda «Hyundai Engineering» kompaniýasy zawodyň ygtybarly işledilmegini üpjün etmek maksady bilen, maslahat beriş hyzmatlaryny amala aşyrýar.

Zawodda Türkmenistan üçin täze bolan ýokary dykyzlykly polietilen önümçiliginiň ýola goýlandygyny aýratyn bellemek gerek, bu önüm pes basyşda etileni polimerleşdirmegiň netijesinde alynýar. Şunda dünýä nebit we gaz senagatynda has giňden ýaýran tehnologiýalaryň öňdäki üçlügine girýän Innovene™S tehnologiýasy peýdalanylýar. Iň iri halkara korporasiýalaryň biri bolan «INEOS Technologies» (Beýik Britaniýa) korporasiýasyna ygtyýarnama berildi, onuň düzümine «BP», «ICI» we «BASF» ýaly iri kompaniýalardan satyn alnan himiýa kärhanalary girýär. Ýeri gelende aýtsak, munuň özi «INEOS Technologiesden» Merkezi Aziýada alnan ilkinji Innovene™S ygtyýarnamasydyr.

Kärhanada polietileniň ýedi görnüşi hem-de polipropileniň bäş görnüşi öndürilýär, olar ýokary gyzgynlyk derejesinde polimer çig malyna dürli goşundylaryň we dolduryjylaryň goşulmagy netijesinde alynýar. Bu usul polimer serişdesiniň esasy aýratynlyklarynyň toplumyny emele getirmäge mümkinçilik berýär.

Soňky on ýylyň dowamynda dünýäde polipropilene we polietilene bolan isleg yzygiderli ýokarlanýar, munuň özi birnäçe sebäpler bilen baglanyşyklydyr. Bu polimerler ýeňillik bilen gaýtadan işlenilýär, ýeňilligi, berkligi, ýokary gyzgynlyga durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Innowasiýa tehnologiýalary netijesinde olary ulanmagyň barha täze ugurlary açylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk syýasaty, milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgini, senagat ulgamyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalar, amatly maýa goýum ýagdaýy daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de köp ulgamlarda, ilkinji nobatda, ylym we ýokary tehnologiýalar bilen baglanyşykly pudaklarda dünýä tejribesini giňden çekmek üçin oňat şertleri döredýär.

Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyny gurmak taslamasynyň 2014-nji ýylda Ýewropanyň we Ýewraziýanyň iň gowy taslamalarynyň onusynyň biri hökmünde Beýik Britaniýanyň «TXF» guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp bolmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ol eksport-karz agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk banky, Koreýanyň Eksport-import banky hem-de Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Koreýanyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Awstriýanyň we Şweýsariýanyň gatnaşýan maliýe edaralarynyň Sindikaty bilen bu taslamany maliýeleşdirmek barada gol çeken ylalaşygy ABŞ-nyň 2,5 milliard dollaryndan gowrakdyr.

Bularyň ählisi dünýäniň iri işewürligi tarapyndan Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlyga işjeň gyzyklanma bildirilýändigini aýdyňlyk bilen görkezýär. Munuň özi ygtybarly, durnukly we jogapkärçilikli ýokary halkara abraýa eýe bolan hyzmatdaş hökmünde biziň ýurdumyza uly ynam bildirilýändigine şaýatlyk edýär.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gyýanlydaky polimer zawodynyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak hem-de ähli işleri seljermek üçin «Hyundai Engineering» kompaniýasynyň iň kämil «Intergraph Smart 3D» programma üpjünçiligini ulanandygyny bellemelidiris. Bu ulgam örän çylşyrymly senagat desgalarynyň taslamasyny düzmek üçin «Intergraph» amerikan kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Häzirki wagtda ol sanly tehnologiýalar ulgamynda dünýäniň öňdebaryjylarynyň biri bolan «Hexagon PPM» (Şwesiýa) toparyna girýär. 2017-nji ýylda «Hyundai Engineering» IT — çözgütleri iş üçin ulanandygy üçin ýörite «Golden Valve» baýragyna mynasyp boldy. Ol her ýyl geçirilýän «Heхagon» bäsleşigine 3D wideoşekilini hödürledi. Onda Türkmenistanda polietilen we polipropilen öndürýän toplumyň gurluşyk işleri barada gürrüň berilýär. Bu wideofilmde etanyň krekingi desgasyny gurnamak işine aýratyn orun berilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça hünärmenler taslamalary taýýarlanlarynda we durmuşa geçirenlerinde ýurdumyzyň senagat ulgamynda daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berýärler. Ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalar şähergurluşyk, nebitgaz ulgamynda, himiýa senagatynda, elektrik energetikasynda, oba hojalygynda ýol görkeziji bolup çykyş edýär.

Umuman, munuň özi Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň görkezijisi bolup durýar.

Gyýanlydaky polimer zawodynyň Germaniýanyň Ýulius Kýun adyndaky institutynyň «Innowasion tehnologiýalar», Şweýsariýanyň Paul Şerrer ylmy-barlag institutynyň «Durnuklylyk we netijelilik» atly sertifikatlaryna mynasyp bolmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu zawod şeýle hem ABŞ-nyň Sagdyn daşky gurşaw gaznasynyň («Environmental health trust») polimer kärhanasynyň daşky gurşaw üçin howpsuzdygy baradaky sertifikatyna mynasyp boldy.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, bu iri gazhimiýa toplumynyň döredilmegine gatnaşan ähli hünärmenlere we gurluşykçylara minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kanagatlanmak bilen belleýşi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Koreýanyň kompaniýalary Türkmenistanyň himiýa we energetika senagatynyň ösdürilmegine uly goşant goşýarlar. Polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça nobatdaky häzirki zaman gazhimiýa toplumynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň hem-de barha berkeýän dostlugyň aýdyň beýany bolup durýar.

Gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlylygy babatynda bu toplumyň sebitde deňi-taýy ýokdur. Ol milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmekde, diwersifikasiýalaşdyrmakda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir hem-de ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga, içerki we dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan ýokary hilli önümleriň eksport edilýän möçberleriniň artdyrylmagyna ýardam berer.

Häzirki wagtda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen milli ykdysadyýetimiziň sanlaşdyrylmagyna, köpugurly senagat toplumynyň döredilmegine, şeýle hem ähli pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu ugurda döwletimiz iri halkara kompaniýalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Biz geljegi uly türkmen bazarynda Koreýanyň işewürler toparlarynyň wekillerini garşylamaga şatdyrys, iň öňdebaryjy tehnologiýalary, ekologiýa talaplaryny hasaba almak bilen ornaşdyrmak arkaly desgalary bina edýän iri kompaniýalar ýokary derejeli işgärleri taýýarlaýarlar hem-de biz olar bilen netijeli, ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz amala aşyrylan işler üçin hemmelere ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, ýygnananlara işlerinde geljekde hem üstünlikler, berk jan saglyk, abadançylyk arzuw etdi.

Koreýa Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. Belent mertebeli myhman düýn mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu günki bilelikdäki sapary üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.

Jenap Mun Çže Iniň nygtaýşy ýaly, iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň taryhyna täze sahypany açan Gyýanly gazhimiýa toplumyna gelip görmegi onda uly täsir galdyrdy.

Soňra Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyndan soňky döwürde gatnaşyklarda Gyýanlynyň gazhimiýa toplumy möçberi babatynda energetika pudagynda iň iri taslama bolup durýar.

«Hyundai Engineering» we «LG International» konsorsiumy geçen döwrüň dowamynda Türkmenistanda birnäçe taslamany üstünlikli tamamlady, şeýle hem ýurtda özara ynam gatnaşyklaryny kemala getirdi. Bu toplumyň gurluşygynda koreý kompaniýalary diňe bir özlerine ynanylan meýdançada däl-de, çylşyrymly ýagdaýlarda başga meýdançada türkmen kompaniýasyna hem goldaw berdiler.

Belent mertebeli myhman geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny belläp, türkmen Liderine koreý kompaniýalaryna ynamy we goldawy üçin hoşallyk bildirdi.

Koreýa Respublikasynyň Baştutany tehniki howpsuzlyk meselesiniň ýokary derejesine aýratyn üns berdi.

Bu taslamany durmuşa geçirmäge diňe iri kärhanalar däl, eýsem, kiçi we orta kärhanalaryň hem 124-si gatnaşdy. Şeýle hem koreý kompaniýasy kebşirleýji tehnologiýalar we elektrik işleri boýunça okuw merkezini açdy. Onda Türkmenistanyň işgärleriniň 230-sy okady. Bu bolsa iki ýurduň gatnaşyklarynyň aýdyň mysalyna öwrüldi.

Gyýanly toplumy ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň diňe başlangyç tapgyry diýip pikir edýärin. Geljegiň kuwwaty beýik bolmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň çägi ýokdur. Türkmenistanyň kuwwaty diňe tebigy serişdelerden ybarat däldir. Häzirki wagtda goşmaça bahany ýokarlandyrmak hem-de gazhimiýa senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak meselesi ilerledilýär diýip, jenap Mun Çže In aýtdy.

Galyberse-de, Ýewraziýa yklymynyň ulag merkezini döretmek ilerledilýär. Munuň özi Koreýanyň täze demirgazyk syýasaty bilen utgaşýar. Şol syýasatyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk we Ýewraziýa kontinenti bilen aragatnaşyk pugtalandyrylýar diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan gepleşikleriň barşynda umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary gülläp ösdürmäge çalyşmak meýli barada umumy pikiriň beýan edilendigi bellenildi.

Biz energetika toplumlary ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi, şeýle hem kadastr, saglygy goraýyş, derman senagaty, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, ekologiýa we köp sanly beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemegi ylalaşdyk. Koreýanyň hökümeti edilen tagallalaryň möçberine deň bolan netijeleri gazanmagyňyz üçin işjeň goldaw berer diýip, jenap Mun Çže In aýtdy.

Belent mertebeli myhman ýygnananlara ýüzlenip, olaryň tagallalarynyň we zähmetiniň türkmen halky bilen bilelikde uly üstünlik hökmünde iki ýurduň dostlugynyň we gülläp ösüşiniň taryhynda galjakdygyny nygtady.

Şu günki şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri zawodyň işgärleri bilen surata düşdüler.

Söhbetdeşligiň barşynda ýygnananlar milli Liderimize gazhimiýa pudagynyň döwrebap önümçilik desgasyny gurdurandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Öz nobatynda koreýaly hünärmenler döwlet Baştutanymyza şu taslamanyň durmuşa geçirilen döwründe beren uly ünsi we goldawy üçin hoşallyk bildirdiler.

Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mun Çže In zawodyň çägine bardylar. Ýol ugrunda döwlet Baştutanlary gerimi boýunça haýran galdyrýan kärhananyň esasy tehnologik we inženerçilik desgalaryny gözden geçirdiler.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» möhüm ugurlarynyň biri pudagyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, ýokary tehnologiýaly nebiti we gazy gaýtadan işlemäge, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli önümleriň önümçiligine ýöriteleşdirilen ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmeginden ybarat bolup durýar.

Ahal welaýatynda häzirki wagtda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu kärhanada ýylda tebigy gazyň 1 milliard 782 million kub metri gaýtadan işlenip, Euro-5 standarty boýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasy öndüriler.

Geçen ýyl Hazar sebitinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid dökünlerini öndürmäge deň bolan «Garabogazkarbamid» zawody ulanylmaga berildi. Bu önümleriň aglaba bölegi eksporta iberilýär.

Önümleriň ýüzlerçe görnüşini işläp çykarmak üçin esasy çig mal bolan polimerleriň önümçiligi ýurdumyzyň gazhimiýa toplumynyň geljegi uly ugurlarynyň ýene biridir, bu önümler senagatda, gurluşykda, ulag ulgamynda, oba hojalygynda ulanylýar, şeýle hem durmuş harytlarynyň köp görnüşlerini öndürmekde peýdalanylýar. Bu pudagyň ösdürilmegi örän möhümdir, biziň ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit gaýtadan işlenilende alynýan suwuklandyrylan gazdan polipropileniň önümçiligi boýunça desgalaryň gurulmagy bilen bu işlere badalga berildi. Häzirki wagtda owradylan polipropilen daşary ýurtly sarp edijilere Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen ugradylýan önümleriň sanawynda esasy orunlaryň birini eýeleýär.

Eksporta iberilýän harytlaryň esasy bölegi Türkmenistandan ýakyn we alysda ýerleşýän daşary ýurtlara deňiz ulagy arkaly ýetirilýär. Şu maksatlar bilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda polipropileni saklamak we ýüklemek üçin ýöriteleşdirilen terminal bina edildi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek dowam eder. Durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulan taslamalaryň hatarynda sintetiki benzini, kauçuk we polistirol, metildietanolamin, poliwinilasetat we beýleki polimerleri öndürýän täze gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy bar.

Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mun Çže In Türkmenistanda öndürilýän polimer önümleriniň sergisiniň ýaýbaňlandyrylan ýerine bardylar.

Hususan-da, ýurdumyzda polietilenden we polipropilenden turbalaryň, plastik gap-gaçlaryň, dokma sapaklarynyň önümçiligi ýola goýuldy. Şol sapaklardan bolsa halylar, tanaplar, gaplaýjy ýüpler we beýleki köp önümler taýýarlanylýar.

Biaksial ugurly polipropilen plýonkasynyň önümçiligi özleşdirildi. Bu önüm ýönekeý hem-de üç gatly bolup, galyňlygy 10 we 20, şeýle-de 30 mikrona barabardyr. Hususan-da, galyňlygyna baglylykda, ony azyk, dokma, derman, parfýumer, kosmetika senagatynda, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda gaplaýjy serişde hökmünde ulanmak bolýar.

Umuman, bularyň ählisi ýurdumyzyň içinde we çäginden daşarda uly isleg bildirilýän önümlerdir.

Polimer süýümden taýýarlanylan owadan nagyşly halylar koreý Lideriniň aýratyn ünsüni çekdi.

Prezident Mun Çže In kärhananyň tehniki we tehnologik üpjünçiliginiň derejesine ýokary baha berip, Türkmenistanyň energetika toplumynyň köp ugurlary boýunça öňde barýandygyny nygtady. Koreýa Respublikasynyň Baştutany gazhimiýa pudagynyň ägirt uly kärhanasynyň işi bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň nebitgaz ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi üçin hemme şertleriň bardygyny belledi.

Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mun Çže In ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, Gyýanlydan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugradylar.

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýerleşen dünýä derejesindäki şypahana ýurdumyzda uly meşhurlyga eýedir hem-de daşary ýurtlarda barha uly gyzyklanma döredýär. Milli binagärligiň däplerini hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini özünde jemleýän döwrebap desgalaryň toplumlary Awazanyň ajaýyp binagärlik keşbini emele getirýär. Bu ýerde kaşaň myhmanhanalar, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, kottej şäherçeleri, şypahanalar, ýaht-klublar, köpugurly sport toplumlary guruldy.

Mysal üçin, geçen ýylyň tomsunda bu ýerde nobatdaky täze desgalaryň — «Awaza» şypahanasynyň hem-de Akwaparkyň ulanmaga berilmegi halkara derejeli döwrebap deňiz şypahanasyny ösdürmegiň ýolunda ýene-de bir ädim boldy. Bu şypahanany döretmek başlangyjy döwlet Baştutanymyza degişlidir. Soňky ýyllarda türkmen topragynyň bu ajaýyp künjeginiň keşbi düýpli özgerdi. Her ýyl tomus möwsüminde bu ýerde müňlerçe adam dynç alýar. Şunda dynç alýanlar, şol sanda maşgala bolup dynç alýanlar üçin has oňaýly şertler, hyzmatlaryň ýokary derejesi Awazada ýylyň tutuş dowamynda kepillendirilendir.

Syýahatçylyk zolagynyň çäginden uzynlygy 7 kilometre barabar bolan emeli derýa kesip geçýär. Derýanyň kenarlarynda amfiteatrly, interaktiw suw çüwdürimli, garbanyşhanaly we restoranly dynç alyş zolagy döredildi. Şol ýerde gämi duralgalary, seýilgähler we seýilbaglar hem bar.

Şypahananyň ýaşyl zolagy ak mermerli täsin binalar, arassa suwa düşülýän ýerler hem-de deňziň täsin suwy bilen ajaýyp sazlaşyk döredip, özboluşly baga bürenen şäheriň keşbini döredýär.

Deňiz ýakasynyň şypahana düzümini ösdürmegiň çäklerinde Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara howa menzili, awtoulag ýollary, kuwwatly gazturbinaly elektrik stansiýasy, deňiz suwuny arassalaýan zawod guruldy. Döwrebap Halkara deňiz portunyň işe girizilmegi bilen syýahatçylygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açyldy.

Geçen ýylyň maý aýynda döwrebap Halkara deňiz portunyň işe girizilmegi bilen uly mümkinçilikler açyldy. Onuň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Bu iri möçberli düzümleýin taslama Merkezi Aziýa we Hazar sebitiniň ähli ýurtlary üçin, hakykatdan-da, strategik ähmiýete eýedir, onuň amala aşyrylmagy biziň döwletlerimizi hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna çykarar, olaryň ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, üstaşyr gatnawlaryň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Hut taryhyň özi hyzmatdaşlygy ösdürmekde biziň üstümize belent jogapkärçiligi ýükleýär, ol diňe bir biziň ýurtlarymyzyň halklaryna peýda getirmek bilen çäklenmän, tutuş Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşe, howpsuzlyga we abadançylyga ýardam eder diýip, köp asyrlar mundan ozal bolşy ýaly, ýene-de bu gadymy ýoluň ýüregi Türkmenistan bolan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek başlangyjy bilen çykyş eden türkmen Lideri belleýär.

Häzirki wagtda ýurdumyz geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasaty netijesinde sebitiň örän möhüm ulag merkezine, iri halkara logistika çatrygyna öwrülýär. Milli Liderimiz daşary ýurtlar bilen gatnaşyklar boýunça möhüm teklipleri öňe sürdi hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde yzygiderli işleri alyp barýar.

Munuň üçin halkara ülňülere kybap gelýän ulag düzümi döredilýär, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, halkara demir ýollary, menziller, howa menzilleri gurulýar, häzirki zaman gämileri satyn alynýar, demir ýol we awtomobil köprüleri bina edilýär, olar diňe bir ýurdumyzyň sebitlerini däl-de, goňşy döwletleri hem birleşdirýär.

Gämi gatnawlary ulag hyzmatlarynyň ösdürilmeginde möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça iň häzirki zaman tankerleri we paromlary satyn alynýar, port hojalygy döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistanyň täze deňiz derwezesi diňe bir ýurdumyzyň deňizüsti gatnawlaryna bolan barha artýan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, tutuş Ýewraziýa giňişliginde ýük akymlarynyň işjeňleşdirilmegi üçin giň mümkinçilikleri açar.

Dünýä söwdasynda möhüm meýilleriň seljermesiniň görkezişi ýaly, olaryň köpüsi Hazar deňzindäki portlaryň ösmegine ýardam edýär, aýdyň güýçlenýän trentleriň biri bolsa — bu harytlaryň konteýner arkaly daşalýan möçberleriniň artmagydyr. Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň durnukly ösmegi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň önümleriniň eksportuny artdyrmak boýunça başyny başlan maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde türkmen önümleriniň eksportunyň ýokarlanmagy, onuň çäkleriniň giňelmegi, şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Hazarýaka döwletleriň batly depginler bilen ösýän ykdysadyýetleriniň kuwwaty biziň ýurdumyzda, şeýle hem tutuş sebitde port hyzmatlaryna bolan islege getirýän esasy höweslendirijä öwrülýär.

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň esasy düzümi bu islegi ýokary hilli teklip hem-de ýokary derejeli hyzmatlar bilen kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. Onuň hereket etmegi, wagtyň geçmegi bilen, kontinental ýük daşamalarynyň logistika halkalarynda strategik üýtgetmelere getirer. Has gysga we amatly ugurlar üçin oňaýly bolan türkmen ýük geçiriji terminallary olaryň möhüm halkasyna öwrüler.

Öz çäklerini ýylsaýyn giňeltmek bilen, Awaza iri işewür, medeni we sport merkezi hökmünde ykrar edilip, ýokary derejedäki duşuşyklaryň, dürli halkara ähmiýetli çäreleriň hem yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça hem-de ýakyndan goldaw bermeginde durmuşa geçirilýän bu deňsiz-taýsyz maýa goýum taslamasy durmuş-ykdysady taýdan uly ähmiýete eýe bolmak bilen, häzirki wagtda sebitleri toplumlaýyn ösdürmegiň innowasion nusgasyna öwrüldi.

«Awaza» taslamasy syýahatçylyk ulgamyny okgunly ösdürmegiň başyny başlap, Türkmenistanyň gülläp ösmegini şertlendirýän birnäçe ugurlary — ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini, şypahana mümkinçiliklerini hem-de döwletimiziň amatly ulag-üstaşyr ýagdaýyny toplumlaýyn ulanmak, şunuň esasynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak ýaly ugurlary birleşdirdi.

Döwletleriň Baştutanlary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip, birek-birege üstünlikler we iki ýurduň halklaryna parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw etdiler we mähirli hoşlaşdylar.

Türkmenistana döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti biziň ýurdumyzdan ugrady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden paýtagtymyza ugrady.