AŞGABATDA ÝOKANÇ DÄL KESELLER BOÝUNÇA BSG-NIŇ ÝEWROPA SEBITINIŇ ÝOKARY DEREJELI MASLAHATY ÖZ IŞINI ÜSTÜNLIKLI TAMAMLADY

2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabatda Ýokanç däl keseller boýunça BSG-niň Ýewropa sebitiniň «Ýewropada durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça wezipeleriň çözülmegi» atly ýokary derejeli maslahaty öz işini üstünlikli tamamlady.

Maslahatyň ikinji gününde oňa gatnaşyjylar ýurtlaryň we halkara guramalarynyň, aýratyn hem BMG-niň edaralary we hökümete dahylly bolmadyk guramalar bilen strategiki hyzmatdaşlygyň wajyplygy hakynda gürrüň etdiler. Bu ugurda milli we halkara derejesinde innowasion tehnologiýalaryna, degişli maglumatlara deňhukukly ygtyýarlygyň üpjün edilmeginiň zerurlygy bellenilip geçildi.

Ýokanç däl keselleriniň öňüniň alynmagynda we olara garşy göreşde temmäki ulanmagyň we alkogolly içgileri içmegiň netijeleri bilen bagly bolan meseleler boýunça pikirler alyşyldy. Has takygy, Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde BSG-niň Temmäkä gözegçilik etmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasy hem-de geljekki meýilnamalary işläp düzmek boýunça işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde Türkmenistanyň bar bolan maksatnamalaryň işlenilip düzülmegine goşan ähmiýetli goşandy bellenilip geçildi.

Çagalaryň semizligi, nädogry iýmitlenmek we onkologiýa keselleri bilen bagly bolan meselelere aýratyn seredilip geçildi. Çykyşlaryň barşynda ýokanç däl keselleriniň öňüni almak boýunça täze çäreleriň işlenilip düzülmegi, statistiki maglumatlaryň toplanylmagy we olara tiz seslenmek boýunça ulgamlaryň ýola goýulmagy boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň zerurlygy nygtaldy.

Ýokanç däl keselleriniň öňüniň alynmagynda we olaryň bejergisinde ulanylýan gaýragoýulmasyz lukmançylyk serişdeleriniň we tehnikalarynyň gyradeň elýeterliliginiň we ygtyýarlygynyň meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. Maslahata gatnaşyjylar bu meseleleriň islendik ýurduň saglygy goraýyş boýunça milli maksatnamalarynyň we ulgamlarynyň işlenilip düzülmeginde nazarda tutulmalydygy baradaky pikire geldiler.

Maslahaty jemlemek bilen, BSG-niň Ýewropa edarasynyň ýolbaşçylary türkmen tarapyna ýokanç däl keselleriniň öňüniň alynmagy we olara garşy göreşmek boýunça tagallalaryň gönükdirilmegine ýardam edýän şeýle ähmiýetli çäräniň geçirilmeginde beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdiler, çünki şunuň bilen ol ähli adamlaryň saglygyň naýbaşy derejesine eýe bolmak hukuklarynyň goraglylygy boýunça umumy işe öz goşandyny goşýandyr. Ýokanç däl keseller boýunça BSG-niň Ýewropa sebitiniň ýokary derejeli maslahatynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.