img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Resmi habar

photo

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Hazar sebitinde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklary berkitmek we Hazarýaka döwletleriniň degişli edaralarynyň işgärlerini okatmak we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 4 — 15-nji marty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň degişli edaralarynyň hem-de Halkara ummanlar institutynyň, Hytaý Halk Respublikasyndaky Günbatar Ýuwaş umman sebitiniň merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara Ummanlar institutynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw maslahatyny geçirmek bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasyna okuw maslahatyny talabalaýyk guramagy we geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.