Resmi habar

photo

Ýurdumyzda hemra ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligi Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyna berildi hem-de ol şol agentligiň Kosmos müdirligi diýlip atlandyryldy.

Senagat we kommunikasiýa ministrligine «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Kosmos müdirligi hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasynyň işlenilip taýýarlanmagyny we bellenen tertipde tassyklanmagyny üpjün etmek;

Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.