Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda aragatnaşyk pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Senagat we kommunikasiýa ministrligine Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň garamagyndaky Abatlaýyş-gurluşyk kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilip, ony «Türkmentehnogurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.
Senagat we kommunikasiýa ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.