img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Salome Zurabişwilä Gruziýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz öz gutlagynda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berip, bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň halklarynyň bähbidine geljekde hem ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Gruziýanyň Prezidentine berk jan saglyk hem-de dostlukly gruzin halkynyň ösüşine we abadançylygyna gönükdirilen ähli başlangyçlarynda hem-de işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.