img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda Maliýe gözegçiligi gullugy döredildi

photo

“Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyndan we halkara şertnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda Maliýe gözegçiligi gullugy döredildi.

Şeýle hem resminama bilen, ady agzalan gullugyň gurluşy hem-de bu gulluk hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.