Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri karbamid toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri senagat desgasynyň — “Garabogazkarbamid” zawodynyň açylyş dabarasy boldy, bu desga ýurdumyzyň himiýa senagatynyň önümçilik düzümleriniň üstüni ýetirdi.
Karbamid dökünleriniň önümçiligi boýunça iň häzirki zaman toplumyny bina etmek boýunça iri maýa goýum taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimizi çaltlandyrylan depginlerde diwersifikasiýalaşdyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň, gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň ýolunda milli Liderimiziň döwlet strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. Tebigy gazyň çykarylýan künjeginiň golaýynda, ýurdumyzyň günbatar sebitinde bu zawodyň ulanylmaga berilmegi ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem-de barha okgunly ösýän gazhimiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmakda möhüm tapgyr bolup durýar. Bu ajaýyp waka Türkmenistanyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň biri hökmünde kemala gelmeginiň ýolunda Watanymyzyň iň täze taryhyna girer.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary, örän baý uglewodorod we mineral serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, olary gaýtadan işlemegiň netijesinde alynýan önümler, şol sanda nebit we gazhimiýa pudaklarynyň önümleri diňe bir içki zerurlyklary üpjün etmäge däl-de, bütin dünýäde durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilendir.
Döwletimiz milli ykdysadyýetimiziň strategik pudaklarynyň biri bolan himiýa senagatynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär, munuň özi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öz beýanyny tapýar.
Ýurdumyzyň oba hojalygynyň barha ösýän isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin dökünleriň dürli görnüşlerini öndürmekde kuwwatlyklaryň tiz depginlerde artdyrylmagy hem-de azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagy bu pudagy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarydyr. Tebigy baýlyklar, uglewodorod we kükürt-wodorod çig malynyň ägirt uly gorlary, önümçilige ornaşdyrylýan iň täze tehnologiýalar, olary gaýtadan işlemegiň we taýýar önümleri işläp çykarmagyň usulyýetleri mineral önümçiliginiň, şol sanda dökünleriň dürli görnüşlerini we möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýän şertlerdir.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa zawody ýurdumyzyň himiýa pudagynyň esasy kärhanalarynyň biri bolup, ol ýylda 225 müň tonna fosfor dökünlerini hem-de 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge ukyplydyr. Häzirki wagtda bu ýerde ýylda ýokary hilli fosfor dökünleriniň 300 müň tonnasyny öndürýän täze toplumyň gurluşygy alnyp barylýar.
2017-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanda ilkinji we Merkezi Aziýada iň iri, Lebap welaýatyndaky Garlyk käninde kaliý duzlarynyň gorlaryny özleşdirmek boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň işe girizilmegi aýratyn möhüm ähmiýetli waka boldy. Senagat ägirdiniň ýyllyk önümçilik kuwwaty — kaliý hloridiniň 1 million 400 müň tonnasyna deňdir. Dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän kaliý dökünleriniň möçberini geljekde 4 million tonna çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar.
“Maryazot” önümçilik birleşigini, “Tejenkarbamid” we “Marykarbamid” zawodlaryny, şeýle hem Marydaky gazhimiýa toplumyny özüne birleşdirýän kärhanalaryň kuwwatly toplumy günorta sebitde bu pudagyň häzirki wagtdaky düzümini kemala getirdi. Balkan welaýatynda ýene-de bir innowasiýa häsiýetli gazhimiýa toplumynyň gurluşygy boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi eksporta ugrukdyrylan önümleriň önümçiligini artdyrmak wezipeleri bilen şertlendirilendir.
Garabogazköl türkmen aýlagy senagat möçberlerinde natriý sulfatynyň we beýleki gymmatly minerallaryň tebigy şertlerde emele gelmeginiň Ýer ýüzünde seýrek gabat gelýän künjekleriniň biridir. Aýlagyň kenarynda karbamid zawodynyň gurulmagy sulfat senagaty üçin ygtybarly çig mal binýady bolup hyzmat eder, bu aýlagyň “altyn düýbi” bar diýip hasap edilýär. Bu taslama ýurdumyzyň mineral senagatynyň köp pudakly görnüşiniň kemala gelmeginde nobatdaky ädimdir. Sebitde iň iri maýa goýum taslamasy daşary ýurt hyzmatdaşlary — “Mitsubishi Corporasion” (Ýaponiýa) we “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş” (Türkiýe) kompaniýalary tarapyndan amala aşyryldy. Häzirki zaman kärhanasynda iň täze dünýä tehnologiýalary ulanyldy.
Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň işläp taýýarlan tehnologiýalary her gije-gündizde 2 müň tonna, ýylda 660 müň tonna ammiagy öndürmäge mümkinçilik berýär, ol garyşdyrylan gaty azot önümi bolup, karbamid önümçiliginde esasy çig mal hökmünde peýdalanylýar. Bu ýerde bir gije-gündizde 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa, 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndüriler, olary deňiz ýollary bilen eksport etmek göz öňünde tutulýar. Bu maksatlar bilen Garabogaz şäherinde ýerli deňiz portunyň durky doly täzelenildi, ol karbamidi daşary ýurtlara ibermekde möhüm deňiz menzilidir. Bu senagat desgasynyň doly kuwwatyna çykarylmagy bilen ýurdumyzda karbamid önümçiliginiň möçberleri 2 million tonnadan gowrak möçbere ýetiriler.
Oba hojalyk pudagynyň ýokary netijeli mineral dökünleri bilen üpjün edilmegi maldarçylygyň we guşçulyk pudagynyň ot-iým binýadyny döretmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.
“Garabogazkarbamid” zawodynda öndürilýän önümleriň aglaba bölegini daşary ýurt sarp edijilerine ugratmak meýilleşdirilýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlar eýýäm häzirki wagtda himiýa pudagynyň bu önümini satyn almaga uly gyzyklanma bildirýärler.
Şol sebäpli hem, esasan, ýokary hilli mineral önümleriniň eksportyna gönükdirilen bu iri senagat desgasynyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçýän 2018-nji ýylda işe girizilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Gadymy kerwen ýollary ýüzýyllyklaryň dowamynda halklary we ýurtlary birleşdirip, olaryň birek-birek bilen sowgatlar hem-de gymmatlyklary alyşmaga isleglerini hasyl edipdir we häzirki wagtda täze görnüşinde gaýtadan dikeldilýär, söwda-ykdysady hem-de ruhy-medeni gatnaşyklary ösdürýär we giňeldýär.
Muňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Garagum sährasynda üstünlikli geçirilen “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi hem şaýatlyk edýär, ol özara bähbitli hyzmatdaşlygyň we raýdaşlygyň açyklygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, 15-nji sentýabrda Balkan welaýatynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda awtomobil sportunyň ýyl ýazgysyna giren, Türkmenistanyň aýgytlylygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrülen hem-de dünýä derejesinde sporty ösdürmäge ýardam eden awtomobil ýaryşyna gatnaşyjylaryň dabaraly duşuşygy geçirildi.
Awtomobil ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan başga-da, ýene-de bir şanly waka bolup geçdi. Milli Liderimize hem-de dabara gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyndan bolan Akhan atly bedewiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi hakynda güwähat bilen tanyşdyryldy. Bu atyň adaty bolmadyk ukyp-başarnygy resmi taýdan bellige alyndy — oňa çarpaýa galyp, 4,19 sekundyň içinde 10 metr aralygy geçmek başartdy. Bu görkeziji öňki netijeden iki esse gowy boldy.
Şu günki waka gaýdyp gelmek bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, senagat desgasynyň düýbüni tutmak dabarasynyň döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda 2014-nji ýylyň awgust aýynda geçirilendigini bellemek gerek, ine, bu gün bolsa, laýyk dört ýyldan soň, milli Liderimiz bu desgany dabaraly ýagdaýda açýar.
...Ir bilen hormatly Prezidentimiziň dikuçary wakanyň geçirilýän ýeriniň golaýynda gurnalan ýörite meýdançada gondy.
Ulanmaga berilýän desganyň ýanaşyk çäkleri baýramçylyk görnüşinde bezelipdir. Döwlet baýdaklary pasyrdaýar, täze bina barada düşünje berýän dürli şygarlar gurnalypdyr. Bu ýerde hemmeler baýramçylyk we ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda dabaranyň başlanmagyna garaşýarlar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, daşary döwletleriň diplomatik missiýalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Balkan welaýatynyň häkimi, Türkmenistanyň müftüsi, hormatly ýaşulular, medeniýet we sungat işgärleri garşylaýarlar. Myhmanlaryň hatarynda türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenleriniň 120-den gowragy bar.
Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik toparlarynyň çykyş edýän ýerine bardy, aýdym-sazlarda we köpöwüşginli beýleki çykyşlarda eziz Watanymyz, milli Liderimiziň parasatly syýasaty wasp edilýär, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halky parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz “Garabogazkarbamid” zawodynyň baş girelgesine gelip, bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisler zalyna baryp, dabara gatnaşyjylaryň öňünde Gutlag sözleri bilen çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde gurlup, ulanylmaga taýýar edilen, karbamid dökünini öndürmäge niýetlenen «Garabogazkarbamid» zawodynyň işe girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan edilen ýylda ýurdumyzyň senagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösýändigini we özgerýändigini belledi.
Türkmenistan Watanymyzyň ýerasty we ýerüsti baýlyklary milli ykdysadyýetimiziň esasy sütünleriniň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak babatda üstünlikli alnyp barylýan işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň esasy senagat pudaklarynyň ynamly öňe barýandygyny belledi.
Olar himiýa we dokma senagaty, gurluşyk materiallary ýaly ulgamy düzýän ugurlar bolup durýar. Gaýtadan işleýän pudaklar innowasion esasda toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýar. Olar ösüşiň çig mal däl ugruna geçirilýär. Ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümlerini döretmek, baý tebigy serişdelerimiziň binýadynda köpdürli we bäsleşige ukyply önümleriň möçberini artdyrmak wezipeleri üstünlikli çözülýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mysal hökmünde Mary welaýatyndaky kuwwatlygy ýylda 400 müň tonna sintetiki ammiak we 640 müň tonna bolan karbamid öndürýän zawody görkezdi. Lebap welaýatyndaky kuwwatlygy ýylda 500 müň tonna kükürt kislotasy bolan önümhana hem, Ahal welaýatyndaky aýna önümleri kärhanasy hem şu hatara girýär. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurluşygy dowam edýän dokma toplumlaryny hem mysal getirmek bolar.
Senagat toplumy boýunça diňe bir önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna üns berilmän, eýsem, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça hem ägirt uly işler alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Diňe şu ýylyň özünde Lebap welaýatynda 1000 maşgala üçin niýetlenen 22 sany ýaşaýyş jaýynyň gurulmagyny bellemek bolar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz ägirt uly tebigy gaz gorlaryna eýe bolup, mineral dökünleriň önümçiliginde tebigy gazy çig mal hökmünde ulanýar. Bu bolsa azot dökünleriniň, hususan-da, karbamidiň önümçiliginiň giňeldilmegini, täze kuwwatlyklaryň gurulmagyny geljegi uly bolan ugra öwürýär.
Häzirki wagtda bu ugur boýunça amala aşyrylýan uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri, bu häzir dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berilýän, sebitde deňi-taýy bolmadyk kuwwatlygy ýylda 1 million 155 müň tonna bolan karbamid öndürýän «Garabogazkarbamid» zawodydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Dünýäniň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrylan zawodyň ähli önümleri eksporta niýetlenendir. Şeýlelik bilen, Türkmenistan döwletimiz himiýa önümlerini eksport edýän iri döwletleriň hataryna goşular.
Ýurdumyzyň himiýa pudagyny ösdürmek we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, «Garabogazkarbamid» zawodyny gurmak barada «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Сorporation» ýapon we «Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş» türk kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda umumy bahasy 1 570 095 000 amerikan dollaryna barabar bolan şertnama baglaşyldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Bu zawodda sintetiki ammiak we karbamid öndürýän esasy önümçilik desgalaryndan başga-da, kömekçi desgalar, şol sanda özbaşdak işleýän elektrik energiýasyny öndürýän gazturbina generatory we deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desga göz öňünde tutulandyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Şeýle-de önümi zawoddan gämi duralgasyna daşamak üçin uzynlygy 3 kilometre barabar bolan konweýer ulgamy gurnaldy. Öndürilen önümi deňiz-derýa ýollarynyň üsti bilen eksport etmek üçin Garabogaz şäherindäki köne gämi duralgasynyň durky täzelendi. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu gämi duralgasy bir wagtda iki gämä hyzmat etmek mümkinçiligine eýe bolar. Duralga konweýer arkaly getirilen karbamidi gämä ýüklemek üçin Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan «FAM» kompaniýasynyň enjamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu ýerde ýük göterijiligi 80 tonna bolan «Liebherr» kompaniýasynyň önümi bolan iki sany göteriji oturdylandyr.
«Garabogazkarbamid» zawody bir ýylda 1 milliard kub metre golaý tebigy gazy gaýtadan işlemäge niýetlenendir. «Garabogazkarbamid» zawody tebigy gazyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde bir gije-gündiziň dowamynda 2000 tonna sintetiki ammiak öndürmäge we onuň esasynda bir gije-gündiziň dowamynda 3500 tonna karbamid dökünini öndürmäge ukyplydyr. Zawodyň öndürýän karbamid önümi düzüminde 46,2 göterim azody saklaýar hem-de dökünleriň arasynda bu ugurda görkezijisi iň bir ýokary hasaplanylýar diýip, milli Liderimiz aýratyn belledi.
Zawodyň önümçiliginde ammiak önümçiligi boýunça Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň tilsimatlary, karbamidiň sintezi bölüminde Italiýanyň «Saipem» kompaniýasynyň tilsimatlary, digirlenen karbamid bölüminde Niderlandlaryň «Uhde Fertilizer Technology» kompaniýasynyň tilsimatlary, kömürturşy gazyny aýyrmak bölüminde — ABŞ-nyň «UOP» kompaniýasynyň ygtyýarlandyrylan tilsimatlary ulanyldy. Tilsimat işleriniň dolandyrylyşy Ýaponiýanyň «Yokogawa» kompaniýasynyň üpjünçiligi esasynda doly awtomatlaşdyryldy.
Şonuň ýaly-da, taslama işleri ýerine ýetirilende esasy üns taslamanyň ekologik talaplaryna berildi. Zyýanly maddalaryň howa zyňyljak mukdary Türkmenistanda we halkara standartlaryň kadalarynda kabul edilen çäklerden çykmaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Taslamanyň çäklerinde zawodyň işgärleri üçin ýokary amatlyklary bolan 40 maşgala niýetlenen iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 10 sanysy guruldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Kärhanada jemi 1000-e golaý adam üçin iş ýerleri döredilendir. Bu bolsa ilatymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de has-da gowulandyrmaga ýardam berer. Umuman aýdanyňda bolsa, bu iri kärhana Türkmenistanyň senagat pudagynyň ýokary depginler bilen ösmegine özüniň uly goşandyny goşar, onuň işe girizilmegi bilen daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi ep-esli artar diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň hemmesini şanly waka — Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän täze zawodyň işe girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şu günki çärä daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz öz çykyşynda ýokary hilli we ekologiýa taýdan howpsuz önümleri öndürýän döwrebap senagat kärhanalaryny gurmak meselelerine aýratyn üns berdi, bu döwletiň senagat syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda himiýa senagatyny has ýokary derejä çykarmak üçin ähli şertler döredilýär, iri pudaklaýyn taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly möçberde maýa serişdeleri gönükdirilýär. Täze gazhimiýa toplumynda halkara ölçeglere laýyk gelýän önümleri öndürmek boýunça innowasion tehnologiýalar ornaşdyryldy. Täze zawodyň önümçiligi gazyň ekologiýa taýdan howpsuz we netijeli usul bilen gaýtadan işlenmegi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa zyýanly galyndylaryň howa zyňylmagyny aradan aýyrýar.
Garabogaz şäherinde täze zawodyň işe girizilmegi himiýa senagatynyň kuwwatlyklarynyň ençeme esse artmagyna ýardam eder. Bu öz nobatynda, pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrar. Azot dökünleriniň her ýyl öndürilýän möçberini 2 million tonnadan hem gowrak artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu önümiň üçden bir bölegine golaýy içerki bazara, galan bölegi gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlarymyza ugradylar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Mundan başga-da, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, kärhana halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şol sanda müňlerçe täze iş orunlarynyň döretmeginde uly ähmiýete eýe bolar. Bu bolsa sebitiň ilatynyň iş bilen üpjünçiliginiň gowulanmagyny aňladýar, netijede, adamlaryň durmuş derejesi ýokarlanar. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýulius Kun adyndaky Institutyň direktorynyň orunbasary hanym Mireý Wan Owerstratene söz berdi. Myhman karbamid dökünlerini öndürmek üçin Garabogazda gurlan zawodyň ähmiýeti barada aýdyp, onuň dünýäde iň oňat taslamalaryň biridigini hem-de ony durmuşa geçirmekde bu pudakdaky iň bir öňdebaryjy tehnologiýalaryň göz öňünde tutulandygyny belledi. Halkara ölçeglere laýyk gelýän ýokary hilli mineral önümlerine dünýäde islegiň uludygyny nazara alanyňda, kärhananyň işe girizilmegi azot dökünlerini uly möçberlerde iberýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň mümkinçiliklerini giňelder.
Braunşweýg tehniki uniwersitetiniň (Germaniýa) ösümlikler we topragy öwreniş instituty tarapyndan gazhimiýa toplumynyň iri maýa goýum kärhanasy hökmünde ykrar edilendigini bellemek bilen Mireý Wan Owerstraten hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy, bu ähmiýetli taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşanlaryň ählisini taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen gutlady hem-de “Garabogazkarbamid” zawodynyň direktoryna “Innowasion tehnologiýalar pudagynda sylaglama” güwänamasyny gowşurdy.
Soňra Nemes federal barlag institutynyň ýanyndaky Týunen adyndaky oba hojalyk ýerleri, tokaýlary, balykçylyk we organiki ekerançylygy barlaglarynyň halkara jemgyýetiniň direktory jenap Gerold Rehmann çykyş etdi. Ol Garabogazda karbamid önümçiligi boýunça ýokary tehnologiýaly kärhananyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, milli Liderimizi hem-de şanly waka mynasybetli bu çärä gatnaşyjylaryň ählisini gutlap, türkmen senagatynyň tebigy serişdeleri gaýtadan işlemegiň esasynda mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Bu senagat desgasynyň doly önümçilik kuwwatyna çykmagy bilen, Türkmenistan ählumumy azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, dürli ýurtlarda organiki oba hojalygynyň ösdürilmeginiň goldanylmagyna möhüm goşant goşar diýip, myhman zawodyň direktoryna Garabogazdaky gazhimiýa taslamasyny “Iň effektiw we ekologiýa taýdan durnukly taslamalaryň biri bolandygy üçin” diýen güwänamany gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz Germaniýanyň iri ylym-bilim merkeziniň wekiline ýurdumyzyň senagat kuwwatyna beren ýokary bahasy üçin minnetdarlyk bildirip, geljekde himiýa pudagynyň önümçilik düzümini has-da ösdürmäge, türkmen gazhimiýasynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen innowasion taslamalaryň ýene-de birnäçesiniň amala aşyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
Soňra çykyş etmek üçin Dökünler boýunça bütindünýä kongresiniň wise-prezidenti, Hytaý Halk Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Şenýan bölüminiň ýolbaşçysy jenap Lanç Jiýä söz berildi.
Myhman ýurdumyza gelip görmäge çakylyk hem-de myhmansöýerlik üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu guramanyň işiniň mineral önümleri öndürýän ekologiýa taýdan howpsuz senagat desgalaryny goldamaga gönükdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, jenap Lanç Jiýe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda degişli ugurda Türkmenistanda alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi.
Myhman Dökünler boýunça halkara ylmy merkeziniň täze gaz toplumynda ýokary hilli önümiň öndürilýändigini tassyklaýan “Tapawutlanan we ýokary hilli önümçiligiň gazanylandygy üçin” diýen güwänamany (CIEC) gowşuryp, döwlet Baştutanymyzy daşky gurşaw üçin howpsuz bolan taslamalary durmuşa geçirmek, önümçilik pudaklarynda arassa tehnologiýalary ulanmak babatda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, olary Türkmenistanyň halkara abraýynyň artmagynyň nyşany, dürli maksatly desgalar gurlanda, innowasion tehnologiýalary peýdalanmak babatda we daşky gurşawy goramakda onuň üstünlikleriniň ykrar edilmegi hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryny goldamak bilen, biziň ýurdumyz maksatnamalaýyn esasda “ýaşyl» ykdysadyýete, senagatda, şol sanda himiýa we gazhimiýa pudaklarynda döwrebap, ekologik taýdan howpsuz we netijeli tehnologiýalaryň ulanylmagyna geçýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, pudakda ornaşdyrylýan täzeçillikler, şeýle hem ýurdumyzyň ýerastyndaky tebigy gazyň ägirt uly gorlary — şu güne çenli iň tygşytly we ekologik taýdan arassa çig malyň gorlary ykdysadyýetiň strategik pudagynyň öňünde durýan wezipeleriň netijeli çözülmegine ýardam edýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna geljekde hem täzeçillikleriň we iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyryljakdygyna ynandyrmak bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu ugurda geçirýän işlerine berilýän goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda düwmäni basyp, täze zawody işe girizýär.
Şeýle hem bu ýerde döwlet Baştutanymyza ägirt uly monitorda wideofilm görkezilýär. Onda ammiagy we ahyrky önümi — azot döküni bolup durýan karbamidi öndürmegiň tehnologik işiniň aýratynlyklary aýdyň beýan edilýär.
Toplumyň önümçilik shemasyna arassalanan tebigy gazdan çig maly — suwuklandyrylan ammiagy we ondan karbamidi işläp çykarmak boýunça desgalar yzygiderli goşuldy. Karbamidi senagat usuly bilen almak 200 gradusa golaý temperaturada hem-de 200 atmosfera we şondan hem ýokary basyşda ammiagyň uglerodyň dioksidi bilen täsiri boýunça emele gelmegine esaslanandyr. Karbamidi öndürmegiň bäsleşige ukyplylygynyň köp babatda ammiak önümçiliginiň işiniň netijeliligine bagly bolup durýandygyny nazara alanyňda, bu iki möhüm tehnologik işler bir toplumda alnyp barylýar, bu bolsa uly ykdysady peýda berýär. Çig mal hökmünde bir ýylda
1 milliard kub metr möçberinde tebigy gaz ulanylýar. Ozal bellenilişi ýaly, sehlerde oturdylan önümçilik enjamlarynyň kuwwaty bir gije-gündizde sintetiki ammiagyň 2 müň tonnasyny (ýylda 660 müň tonna) hem-de külkelenen karbamidiň 3,5 müň tonnasyny (ýylda 1 155 müň tonnasyny) işläp çykarmaga mümkinçilik berýär.
Beýleki azot dökünleri bilen deňeşdireniňde, karbamid azodyň uly möçberini (46,2 göterimini) öz içine alýar, munuň özi ony islendik toprakda oba hojalyk ekinleri üçin dökün hökmünde peýdalanmagyň ykdysady taýdan maksadalaýyklygyny kesgitleýär.
Ol baslygma durnukly külkelenen görnüşde çykarylýar, bu bolsa daşalanda dökünleriň bu görnüşiniň esasy artykmaçlygy bolup durýar.
Taýýar önüm gaplaýyş bölümine gelip gowuşýar hem-de deňiz porty arkaly deňiz ýoly bilen daşary ýurtlara ugradylýar. Jebisleşdirilen konteýnerlerde önümleri saklamak üçin ýörite ammarlar — sygymlylygy 10 müň tonna ammiak hem-de 100 müň tonna karbamid üçin ammarlar göz öňünde tutuldy.
Soňra işlenen dökün möwsüme baglylykda konweýer turbalar boýunça ýa-da konteýnerlerde deňiz duralgasyna ugradylýar hem-de gämilere ýüklenilýär. Konteýnerlere bir gije-gündizde ýüklemegiň meýilleşdirilýän möçberi 7 müň tonna, konweýer boýunça bolsa, harytlyk önümiň 10,5 müň tonnasyna deňdir. Ähli tehnologiýa işleri awtomatlaşdyrylyp, merkezden dolandyrylýar.
Ýokary tehnologiýaly desgada işlemek üçin ýokary derejeli hünärmenler hem-de orta derejeli işgärler taýýarlanyldy, olar Russiýa Federasiýasynda we Ýaponiýada, şeýle hem Türkmenabat orta tehniki hünär mekdebiniň Garabogaz şäherindäki şahamçasynda degişli önümçilik tejribesini geçdiler. Zawodda döredilen Okuw merkezi innowasiýa enjamlarynda işlemek, şeýle hem hünärmenlere bilim bermek üçin hünärli işgärleriň netijeli taýýarlanylmagyny üpjün eder.
Zawodyň hünärmenleri üçin amatly şertleri döretmek üçin taslama laýyklykda, 40 maşgala üçin kottejleriň 10-sy guruldy. Ýokary amatlykly 5 otagly öýler döwrebap mebeller bilen üpjün edildi.
Garabogaz şäherinde toplumyň işgärleriniň 60 maşgalasy üçin niýetlenen, bildirilýän talaplara laýyklykda durky täzelenen 4 gatly ýaşaýyş jaýy abatlanyldy. Toplumda barlaghana, 160 orunlyk mejlisler zaly göz öňünde tutuldy. Zawodyň işgärleri ajaýyp enjamlaşdyrylan 350 orunlyk naharhanadan peýdalanyp, lukmançylyk nokadynda saglygyny barladyp bilerler.
Zawodyň işgärleri boş wagtlary açyk howada ýörite gurnalan basketbol, woleýbol, kiçi futbol oýnamak üçin meýdançalarda sport bilen meşgullanyp bilerler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazhimiýa toplumynyň önümçiligi bilen tanyşmagyny tamamlap, şu günki waka barada Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Zawodyň hünärmenleri himiýa senagatynyň häzirki zaman önümçilik desgasynyň bina edilendigi, işgärleriň işlemegi üçin ähli şertleriň döredilendigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirdiler we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazhimiýa toplumynyň işgärler toparyna işlerinde üstünlik arzuw edip, olara täze awtomobilleriň açarlaryny gowşurdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz ähli halkara ölçegleri boýunça döwrebaplaşdyrylan täze deňiz duralgasyna bardy, milli Liderimizi bu ýerde ahalteke bedewlerine atlanan, Türkmenistanyň Döwlet baýdaklaryny ýel ugruna buýsançly pasyrdadýan atlylar topary ugratdy.
Awtomobil ýolunyň ugrunda hormatly Prezidentimizi ýerli ýaşaýjylar şatlykly garşylaýarlar. Bu waka mynasybetli bu ýerde baýramçylyk görnüşinde bezelen türkmen ak öýleri oturdylyp, olar türkmen halkynyň durmuşynyň hojalyk gatlagyny beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz deňiz menzilinde “Garabogazkarbamid” zawodynda öndürilen taýýar mineral önümi ýüklemek we ugratmak işleri bilen tanyşdy. Gämileriň erkin geçmegi üçin uzynlygy 2 müň metr we ini 100 metr bolan suwasty akabasy çekildi. Şeýlelikde, deňziň akwatoriýasy we gämileriň geçjek ugry 8 metre çenli çuňlaşdyryldy hem-de halkara ölçeglere doly laýyk getirildi.
Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen duralga birwagtda iki gämini kabul etmäge we olara hyzmat etmäge ukyplydyr. Konweýer boýunça gelen karbamidi ýüklemek üçin bu ýerde öňdebaryjy nemes kompaniýalarynyň biriniň — “FAM” kompaniýasynyň enjamlary oturdyldy, şeýle hem “Liebherr” nemes kompaniýasynyň ýük göterijiligi 80 tonna bolan ýörite ýük ýükleýjileriniň ikisi bilen üpjün edildi.
Uzynlygy 3 kilometr bolan ekologik taýdan howpsuz konweýer ulgamy zawoddan duralga çenli taýýar önümleri geçiriş ulgamynyň tapawutly aýratynlygy bolup durýar. Zawodda öndürilýän karbamid turbalar boýunça göni deňziň boýundaky duralga baryp gowuşýar hem-de şol ýerden gämilere ýüklenýär. Bu bolsa wagty, ýol harajatlaryny tygşytlaýar, önümleriň howpsuzlygyny we aýawly saklanylmagyny üpjün edýär.
Deňiz portunyň işi bilen tanyşlykdan soň, milli Liderimiz senagat ägirdiniň açylmagy mynasybetli berlen baýramçylyk sadakasyna gatnaşdy.
Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz “Garabogazkarbamid” gazhimiýa toplumynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşyjylara we myhmanlara berk jan saglygyny, işde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip, bu ýerden paýtagtymyza tarap ugur aldy.