img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Sebitleýin merkez bilen özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine garadylar.

Şeýle hem taraplar öňde boljak çäreler boýunça pikir alyşdylar we sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, şeýle-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ugry boýunça özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga, şeýle hem parahatçylyk döredijilik medeniýetini we netijeli dialogy ilerletmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilelikdäki maksatnamalary we çäreleri durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistanyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.