img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty

photo

2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi.

Duşuşyk sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşmak üçin möhüm meýdança boldy. Gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleri bilen Azerbaýjanyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljekki mümkinçiliklerine, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerine aýratyn üns berdiler.

Maslahatyň dowamynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça yzygiderli dialogyň we çemeleşmeleriň utgaşdyrylmagynyň ähmiýetini nygtadylar.

Geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar ýokary derejedäki duşuşygyň Gün tertibiniň hem-de jemleýji resminamalarynyň taslamalaryny makulladylar.

Maslahatyň netijeleri boýunça syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we sebitiň durnukly hem-de özara bähbitli ösüşini üpjün etmek maksady bilen amaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.