img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenbaşyda Merkezi Aziýanyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň 95-nji mejlisi geçirildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň (DUSHK) 95-nji mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistan tarapyndan guralyp, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.M.Gendjiýewiň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Mejlise DUSHK-nyň agzalary – Gazagystan Respublikasynyň Suw serişdeleri we irrigasiýa ministri N.M.Nurjigitow, Özbegistan Respublikasynyň Suw hojalygy ministri Ş.R.Hamraýew gatnaşdylar. Täjigistan Respublikasyndan mejlise D.A.Abdurazokzoda gatnaşdy.

Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw hojalygy edaralarynyň wekilleri, DUSHK-nyň ýerine ýetiriji düzümleriniň — Sekretariatynyň, «Amyderýa» howdan suw hojalyk birleşiginiň, «Syrderýa» howdan suw hojalyk birleşiginiň we DUSHK-nyň ylmy-maglumat merkeziniň, şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda 2026-njy ýylyň ösümlikleriň ösüş döwründe Syrderýa we Amyderýa howdanlary boýunça suw almak üçin bellenen çäkleriň peýdalanylyşynyň we suw howdanlarynyň iş tertibiniň netijelerine garaldy. Şeýle hem suw serişdeleriniň paýlanyşy we 2026–2027-nji ýyllaryň ösümlikleriň ösüş döwri aralygynda suw howdanlarynyň kaskadlarynyň işiniň çaklanylýan tertipleri bilen bagly meseleler ylalaşyldy.

Mundan başga-da, esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň sammitleriniň çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişiniň barşy, şol sanda Aral deňziniň howdanynyň dördünji maksatnamasynyň (PBAМ-4) durmuşa geçirilmegi, suw tygşytlaýjy we sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, suw diplomatiýasyny we ylmy mümkinçilikleri ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama kabul edildi.