Türkmenistanda 2018 — 2019-njy okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli täze mekdepler açyldy
Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanandygyny alamatlandyrýan Bilimler we talyp ýaşlar güni baýramçylyga beslendi, bu barada irden ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde kakylan jaňlar mälim etdi.
Mekdep okuwçylary we talyplar Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynyň 27-nji orta mekdebindäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Okuw mekdepleriniň ählisinde dabaraly nyzama durmalar geçirildi. Şolarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz ýaş nesle söýgüli Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň bähbidine bilimler hem-de uly açyşlar dünýäsine hoşniýetli we päk ýola ataryp, ak ýol arzuw etdi.
Milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilişi ýaly, biz döwlet syýasatymyzyň strategik ugry hökmünde milli bilim ulgamynyň hilini hem-de mazmunyny dünýä ölçeglerine laýyklykda üpjün etmek maksady bilen, giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys. Ösen ýurtlaryň tejribesini hem-de ösüşini nazara alyp, ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi, täze bilimleri özleşdirmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri durmuşa geçirýäris.
“Biziň halkymyz eşretli durmuşyň, bagtyýar geljegiň gözbaşy hökmünde bilime, asylly käriň eýeleri bolan mugallymlara aýratyn hormat-sarpa goýýar. Gadymy ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirjek, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek bilen eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýjak nesilleri terbiýelemekde mugallymlaryň irginsiz we döredijilikli zähmetini belentde tutýar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Alyp barýan bilim syýasatymyzyň esasy maksady berkarar Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni binýadyny pugtalandyrmaga, ylmyň we bilimiň mümkinçilikleri ýurdumyzyň täze belentliklere ýetmegine gönükdirildi. Şoňa görä-de, Garaşsyz ýurdumyzda döwrebap orta, orta hünär, ýokary okuw mekdeplerini gurmak, iň täze bilim usullaryny, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmek, jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini hem-de döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmak babatda ägirt uly tejribe toplandy.
Ýaşlarymyzyň ajaýyp bilim we terbiýe alyp, mähriban ýurdumyza we halkymyza mynasyp gulluk etmegi üçin döwletimiz ähli şertleri döredýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, “Biziň esasy wezipämiz halkynyň taryhyny bilýän, ýurdunyň üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň ýokary bilimli neslini ösdürip ýetişdirmek bolup durýar”.
Şu gün paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, alys obalarda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Watanymyzyň ähli künjeklerinde täzeden-täze, iň döwrebap mekdebe çenli edaralar, umumybilim berýän orta mekdepler, başlangyç hünär we ýokary okuw mekdepler ulanmaga berilýär. Ine, şu ýyl hem 1-nji sentýabra gabatlanyp, täze gurlan binalaryň birnäçesi açylyp, olar ilkinji gezek okuwçylary kabul etdi.
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Börme obasynda 620 orunlyk, Kaka etrabynyň Kaka şäherinde 1106 orunlyk hem-de Duşak şäherçesinde 1050 orunlyk mekdep, Balkan welaýatynyň Gumdag şäherinde 600 orunlyk mekdep hem-de Serdar etrabynda 240 orunlyk mekdep, Serdar şäherinde bolsa 1170 orunlyk mekdep okuwçylar üçin gapylaryny giňden açdy. Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Bilal obasynda 320 orunlyk we Köýtendag etrabynyň Ters obasynda 320 orunlyk mekdepler açyldy, Döwletli etrabynyň Tallymerjen obasynda bolsa 90 orunlyk täze çagalar bagy körpeleri gujak açyp garşylady.
Täze binalaryň açylmagy uly baýramçylyga öwrüldi, döredijilik toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş etdiler. Işde has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Köp sanly dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýatlary hemmetaraplaýyn ösdürmek, ähli ýerlerde, şol sanda obalarda döwrebap durmuş düzümini döretmek maksady bilen görülýän çäreler üçin çäksiz hoşallyk bildirip, milli Liderimize ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine başyny başlaýan ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Ýurdumyzyň okuw mekdepleri häzirki zaman ölçeglerine laýyklykda enjamlaşdyryldy we kompýuterleşdirildi. Bu ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we milli ruhy gymmatlyklary, ýurdumyzyň tejribesini hem-de bu ulgamda dünýäniň gazananlaryny özünde jemleýän özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli we öňdengörüjilikli maksatnamasynyň hökmany talaby bolup durýar.
Türkmenistanyň umumybilim berýän mekdepleriniň ählisinde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk nyzamlarynda birinji synpa gelýän alty ýaşly iň ýaşajyk okuwçylary hem mübäreklediler. Olara döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgat hökmünde netbuklar gowşuryldy. Bu netbuklar okuw ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, täze bilimleri ele almakda olaryň kömekçisine öwrüler. Bu däbiň düýbi milli Liderimiz tarapyndan 2011-nji ýylda tutulyp, çagalaryň terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi baradaky aladanyň ýene bir ýüze çykmasyna öwrüldi. Şu ýyl şeýle hem kompýuterler 1-nji synpa kabul edilen 146 müň 873 okuwça sowgat berildi.
Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde ilkinji sapaklar «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçdi.
Şol sapaklarda bellenilişi ýaly, adamzat siwilizasiýasynyň aýdyň alamatyna öwrülen bu taryhy ýoluň täze görnüşi bu gün Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşinde, medeni gatnaşyklarynda, sport ulgamynda öz beýanyny tapýar. Şu aýda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçiriljek “Amul — Hazar 2018” halkara rallisi hem munuň ajaýyp mysalydyr.
Yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklary ýurdumyza ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde milli ulag mümkinçiligini amatly amala aşyrmaga, milli medeni mirasyň baýlygy bolsa, halklaryň ynsanperwer, ruhy gatnaşyklarynda ornuny giňeltmäge ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu konsepsiýany ilerletmek bilen, köpugurly ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Bu ugur ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly biziň ýaşlarymyz ýurdumyzyň geljegidir, şonuň üçin täze okuw ýyly ösüşiň hem-de rowaçlygyň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegi üçin Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze nesliniň kemala gelmeginde nobatdaky ädimdir.
Adamlary, ozaly bilen, ýaşlary häzirki döwrüň ylmynyň we tehnologiýalarynyň, tebigaty, jemgyýeti öwreniş ylymlaryny ösdürmegiň esasy ugurlaryna çekilmegine ýardam etmek bilen, döwletimiz giň medeni we ynsanperwer gatnaşyklary höweslendirip, maýa goýumlarynyň ähli görnüşlerinden bilime gönükdirilýän serişdeleri ileri tutýar. Munuň özi Watanymyzyň geljegine maýa goýumlary, halkymyzyň gymmatly strategik serişdeleriniň — onuň aň-düşünjesiniň kepillikleri bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
Şeýle hem güýzüň birinji güni ýurdumyzda, däp bolşy ýaly, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk badalga aldy. Bu çäräniň çäklerinde orta mekdeplerde degişli mowzuk boýunça diwarlyklar taýýarlanyldy, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga, ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine bagyşlanyp, dürli bäsleşikler, okuw sagatlary, ýol gözegçilik gullugynyň hünärmenleri bilen duşuşyklar guralar.
Ýurdumyzyň bilim edaralarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler Bilim ministrliginiň, beýleki pudaklaýyn ministrlikler we edaralar, şeýle hem iri jemgyýetçilik guramalary hem-de halkara agentlikler bilen ýakyn hyzmatdaşlykda geçirilýär.
Agşam Bilimler we talyp ýaşlaryň güni mynasybetli “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde baýramçylyk çäresi — sungat ussatlarynyň konserti guraldy.