Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň wekili bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Ählumumy döwürleýin syn boýunça sebitleýin geňeşçisi Pawlo Býalikiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmek, şeýle hem Ählumumy döwürleýin syn mehanizminiň çäginde hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirilidi.
Türkmenistanyň BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirligi bilen işjeň hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigi, şeýle hem Ählumumy döwürleýin synyň adam hukuklary babatyndaky döwlet syýasatyny kämilleşdirmäge ýardam berýän netijeli halkara mehanizm hökmünde garalýandygy nygtaldy.
Taraplar inklýuziw jemgyýeti ösdürmek, deň mümkinçilikleri üpjün etmek we adam hukuklaryny goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge gönükdirilen bilelikdäki işleriň dowam etdirilmeginiň ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň dowamynda BMG bilen hyzmatdaşlygyň çäginde tejribe alyşmak, bilermen goldawy we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma beýan edildi.