img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Arkadag şäheri - döwletimiziň ykdysady rowaçlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, belent abraýyny görkezýän şäher

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň häkimliginde «Arkadag şäheri - röwşen geljegiň aýdyň ýoly» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bina edilen “akylly” şäheriň dabaraly açylmagynyň üç ýyllygyna bagyşlandy.

Maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Maslahat başlamazdan ozal, oňa gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň häkimliginiň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Onda dürli önümler we işläp taýýarlamalar görkezildi. Arkadag şäheriniň mynasyp bolan halkara baýraklary hemmeleriň ünsüni çekdi.

Dabaraly maslahatyň başynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna iberen Gutlagy okaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda döwrebap binagärligiň nusgasy bolan Arkadag şäheriniň üç ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni durmuşynda möhüm wakadygyny belläp, hemmeleri bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda we sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň üç ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy hem-de maslahata gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutladylar.

Çykyşlarda kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeleriň anyk netijesidigi nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, «Arkadag şäherini 2024-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary ýokary depginde alnyp barylýar. Onuň çäklerinde diňe bir durmuş düzümli desgalar däl, eýsem, döwrebap senagat toplumyny emele getirjek önümçilik kärhanalary hem ulanmaga berler. Durmuş düzümli desgalaryň hatarynda bolsa çagalar dynç alyş seýilgähini, metjidiň gurluşygyny we beýlekileri görkezmek bolar.

Çykyşlarda şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde 336 sany döwrebap binanyň ulanmaga berlendigine, şolaryň hatarynda iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş, medeni maksatly desgalaryň, sport merkezleriniň, inženerçilik ulgamlarynyň bardygyna üns çekildi.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Maslahatyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary hem ýaýbaňlandyryldy.

Soňra Arkadag şäherindäki “Märkaw” medeni-dynç alyş merkezinde uly toý sadakasy berildi. Köp sanly myhmany bir ýere jemlän toý sadakasy Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň üç ýyllygyna hem-de halkdan gelip gowşan köp sanly haýyşlaryň we teklipleriň nazarda tutulyp, döwrebap şäherde bina edilýän, 30 müň adama niýetlenen nurana metjidiň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylmagynyň biragyzdan goldanylmagyna bagyşlandy.

Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň üç ýyllygy mynasybetli dabaralar, dürli çäreler şäheriň ähli künjeklerini gurşap alyp, olaryň ählisi şatlykly pursatlara beslendi. Olarda joşgunly aýdym-sazlar ýerine ýetirilip, döredijilik toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler.