img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşygy geçirildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary doktor Robert Floýd bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen CTBTO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini, şeýle hem ýaragsyzlanmak, ýaraglara gözegçilik etmek we ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak ugurlaryndaky halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň gol çekmek üçin açylmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere aýratyn üns berdiler. Söhbetdeşler Şertnamanyň ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak düzgünini pugtalandyrmaga we umumy hem-de doly ýaragsyzlanmak maksatlaryny ilerletmäge gönükdirilen iň möhüm halkara gurallarynyň biri hökmünde taryhy ähmiýetini nygtadylar.

Taraplar dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmegiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge hem-de ynamy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny goldamaga ygrarlydygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen CTBTO -nyň arasyndaky amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda milli hünärmenleri taýýarlamak, ugurdaş maksatnamalara gatnaşmak we bilermenler derejesindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça hem pikir alyşmalar geçirildi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar konstruktiw häsiýetli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça yzygiderli dialogy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.