img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar iki döwletiň halkara we sebitleýin gün tertibindäki derwaýys meseleler boýunça garaýyşlarynyň birmeňzeşdigini nygtadylar hem-de Türkmenistan bilen Belarusuň köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygynyň derejesine baha berdiler.

Şu nukdaýnazardan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Taraplar 22-nji maýda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň degişli ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

Diplomatlar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de, medeni-ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şol sanda şu ýylyň dowamynda anyk çäreleri geçirmegiň mümkinçiliklerine seredildi.