Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropanyň Maglumat-seljeriş kollejiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropanyň Maglumat-seljeriş kollejiniň Sekretariatynyň direktory Ýasmin Guedar bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar umuman Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, hususan-da Türkmenistan bilen alnyp barylýan dialogyň häzirki derejesine baha berdiler.
Hanym Guedar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen taslamalary barada gürrüň berdi. Türkmenistanyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň we edaralarynyň wekilleri üçin öňüni alyş diplomatiýasy, polemologiýa (uruş baradaky ylym), syýasy seljeriş ugurlary boýunça okuw sapaklaryny we seminarlary geçirmäge gyzyklanma bildirildi.
Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasanyň ähmiýeti hem-de halkynyň goňşuçylyk, dostluk we özara hormat goýmak ýaly üýtgewsiz gymmatlyklara ygrarlylygy bellenildi.
Aşgabat saparynyň çäginde hanym Guedar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binasynda geçirilen «Türkmenistan we halkara hukugy: bitaraplyk tejribesi we hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşdy hem-de halkaraçy talyplar üçin okuw sapagyny geçirdi.