img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Parahatçylyk söýüjilik – Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi

photo

2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşik öz işine başlady.

Institutyň merkezi binasynyň eýwanynda halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklaryny, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryna degişli maglumatlary beýan edýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Halkara bäsleşige gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergini synladylar.

Soňra “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşik öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda geçirilýän bäsleşige 9 ýurduň — Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň 13-sinden 40-dan gowrak gatnaşyjy bellige alyndy. Şeýle hem oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden seçilip alnan zehinli ýaşlaryň 117-si gatnaşýar.

Halkara bäsleşige gatnaşyjylar häzirki döwürde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda halkara tagallalara möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan parahatçylygy üpjün etmäge ygrarly bolmak bilen, syýasy, ykdysady, energetika, azyk hem-de ekologiýa howpsuzlygyny berkitmek ýaly ugurlarda gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ähmiýet berýär.

* * *

“Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşige gatnaşyjylar paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler.

Döwlet muzeýiniň işgärleri myhmanlara bu ýerde görkezilýän gymmatlyklar, olaryň taryhy we halkymyzyň durmuşynda eýeleýän orny barada gürrüň berdiler.

Halkara çäresiniň gatnaşyjylary medeni maksatnamanyň çäklerinde gyzykly we öwrediji gezelençleri amala aşyrmaga döredilen mümkinçilik üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler. Bäsleşige gatnaşyjylar, intellektual bäsleşigiň guramaçylyk derejesine hem ýokary baha berdiler we häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň netijeli çözgütlerini tapmakda bu bäsleşigiň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.