Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary
2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ir bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary netijesinde iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiň täze derejesine çykarylýandygy bellenildi.
Hytaýyň müňýyllyklardan gözbaş alýan lukmançylyk tejribesi bilen Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklere baý tebigy şertleriniň utgaşdyrylmagynyň ähmiýetlidigine üns berildi. Şol bir wagtyň özünde degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.
Tan Çžişu bildirilen myhmansöýerlik we meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Soňra bu ýerde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
Dabara gatnaşyjylar milli saglygy goraýyş ulgamyna degişli maglumatlardan ybarat bolan sergini synladylar. Onda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklere degişli maglumatlar, ýurdumyzyň şypahanalarynyň mümkinçilikleri, dürli dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlaryň görnüşleri görkezilýär. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna aýratyn orun berlipdir.
Soňra Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň gatnaşmagynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlary öz içine alýandygyny bellediler. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan asylly işleri bellärliklidir.
Soňra dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetiniň binasynda Adaty däl lukmançylyk otagy açylýar. Dabara gatnaşyjylar döwrebap otagda döredilen şertler, onuň lukmançylyk enjamlary we adaty däl lukmançylygyň esasy ugurlary baradaky maglumatlar bilen tanyşdylar.
Soňra şanly wakanyň hormatyna guralan dabara ýokary okuw mekdebiniň uly mejlisler zalynda dowam etdi. Bu ýerde iki bilim ojagynyň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrundaky tagallalary we özara tejribe alyşmaga mynasyp goşandy nazara alnyp, Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory diýen ady dakmak baradaky çözgüt beýan edildi.
Çykyş edenler hormatly myhmany mynasyp bolan ylmy derejesi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň täze belentliklere göterilendigini nygtadylar.
Milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen tebigy serişdeleriň ähmiýeti tutuş dünýäde lukmançylyk ylmy bilen meşgullanýanlaryň ünsüni özüne çekýär. Täze açylan Adaty däl lukmançylyk otagynyň hem Gahryman Arkadagymyzyň ylmy kitaplarynda kesgitlän wezipelerinden ugur aljakdygy barada aýdyldy.
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişu Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory diýen ylmy derejäniň berilmeginiň özi üçin belent mertebedigini we bu derejäni tutuş hytaý lukmançylygyna bildirilen hormat hökmünde kabul edýändigini nygtap, munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan etdi.
Dabara gatnaşyjylar Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektoryny mynasyp bolan derejesi bilen gutladylar hem-de bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.