Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinosyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, medeniýetara we dinara dialogy ösdürmegiň, halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtadylar. Şu ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşygyň netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berendigi bellenildi.
ÝUNESKO-nyň hem-de Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň howandarlygynda «Merkezi Aziýa – parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi» atly halkara forumy, şeýle-de parahatçylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak medeniýeti boýunça Ählumumy sammiti geçirmek baradaky Türkmenistanyň teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.