Türkmenistanyň Prezidenti Astanadaky “Alem.AI” halkara emeli aň merkezine baryp gördi

photo

Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Alem.AI” halkara emeli aň merkezine baryp gördi.

“Alem.AI” emeli aň tehnologiýalaryny, bilimi we innowasiýalary ösdürmek maksady bilen döredilen halkara emeli aň merkezidir. Ol Astana şäherinde ýerleşip, Gazagystany ýokary tehnologiýalar ulgamynda öňdäki orunlara çykarmaga gönükdirilen strategik taslamalaryň biri bolup durýar.

Maglumat tehnologiýalaryny ösdürmegiň we sanlylaşdyrmagyň Türkmenistanyň hem ileri tutýan strategik ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda sanly çözgütleri giňden ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar.

Sanly özgertmeler üçin ulgamlaýyn çemeleşmäni üpjün edýän döwlet maksatnamalary we konsepsiýalary maglumat tehnologiýalary pudagyny ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheri sanly, maglumat-kommunikasiýa we “ýaşyl” tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy arkaly durmuşa geçirilen taslamanyň aýdyň mysalydyr.

Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Watanymyza ugramak üçin Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar ugratdylar.

***

Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýet agzalary gazak kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.