Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy – “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglandy
2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy – “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Dabaranyň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň durmuş-ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny, döwlet gurluşyny yzygiderli berkitmekde görnükli döwlet işgäri we parasatly ýolbaşçy hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň aýratyn ornuny nygtady.
“Siz türkmen halkynyň Milli Lideri, çuňňur hormatlanylýan Arkadag Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň geljegi nazarlaýan strategik ugruny mynasyp dowam etdirýärsiňiz” diýip, Kasym-Žomart Tokaýew belledi.
Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň halkara abraýyny, diplomatiýanyň, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň merkezi hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça edýän tagallalary barada aýratyn durup geçdi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi we strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde döwlet Baştutanymyzyň şahsy goşandyny belläp, şu gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň gazak-türkmen gatnaşyklarynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy — “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglady.
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy bilen sylaglanylandygy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystanyň ähli doganlyk halkyna minnetdarlyk bildirip, bu sylaga Türkmenistanyň halkyna goýulýan ýokary hormatyň nyşany, halklarymyzy asyrlaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýän berk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň halkara derejedäki ýakyn we netijeli hyzmatdaşlygy özara düşünişmegiň, raýdaşlygyň, sebit hem-de ählumumy gün tertibinde durýan möhüm meseleleri çözmekde özara goldawyň ýokary derejesini görkezýär.
Iki ýurt hem ykdysady hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmek üçin bilelikde yzygiderli iş alyp barýarlar, bilim, ylym, medeniýet we beýleki durmuş ugurlarynda hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy.
“Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglanandygy üçin Gazagystanyň Prezidentine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, döwlet we halkara işlerinde uly üstünlikleri, Gazagystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.
Sylaglamak dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalar alşyldy.