Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taherini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Katarda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Diplomat Prezident Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Nasser bin Ahmed Al Taherini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Katar bilen köptaraply hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berýändigini nygtady. Ýokary derejedäki özara saparlar bolsa ony has-da ilerletmäge ýardam berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän başlangyçlaryny ilkinjileriň biri bolup goldaýandygy üçin katar tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda bilelikdäki türkmen-katar hökümetara toparynyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna üns çekildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer ulgamda hem hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taheri mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.