Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi

photo

Öňden habar berlişi ýaly, 2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy.

Italiýanyň Fýumiçino “Leonardo Da Winçi” halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Italiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedowa gül desselerini gowşuryldy.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow “Altare della Patria” ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül goýdy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Italiýa Respublikasynyň goranmak ministri Gwido Krozetto we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Goranmak ministrliginiň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentini garşylamak dabarasynyň başlanýandygyny yglan edýär. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar.

Goranmak ministrliginiň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary mynasybetli harby nyzama düzülendigi barada hasabat berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Döwlet baýdagyny sarpalaýar we  “Altare della Patria” ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül çemenini goýýar.

Soňra Italiýanyň goranmak ministri Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny dabara gatnaşýan Italiýanyň ýokary derejeli harby wekiliýeti bilen tanyşdyrdy. Dabaranyň ahyrynda iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlandy.

Döwlet Baştutanymyzyň Italiýanyň azatlygy we garaşsyzlygy üçin janyny gurban eden gahrymanlary sarpalamagy Türkmenistanyň halkynyň dostlukly ýurduň taryhyna we milli gymmatlyklaryna çuňňur hormatynyň aýdyň beýany boldy.

Şol gün hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen duşuşdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy boldy.

 “Kwirinale” köşgüniň howlusynda Prezident Serdar Berdimuhamedowy Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella mähirli garşylady.

Hormat garawulynyň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasynyň başlanýandygyny yglan edýär. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlandy. Hormat garawulynyň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen gelmegi mynasybetli Hormat garawulynyň nyzama düzülendigi barada hasabat berýär.

Döwlet Baştutanlary Hormat garawulynyň hatarynyň başynda duran Italiýa Respublikasynyň Döwlet baýdagyny sarpalaýarlar.

Soňra Prezidentler bilelikde köşgüň içine girýärler we iki ýurduň wekiliýet agzalary bilen tanyşýarlar. Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikde resmi surata düşdüler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Italiýanyň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyga Italiýada ýokary baha berilýändigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen şu duşuşygynyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň döwlet Baştutanyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany hökmünde Italiýa amala aşyran resmi saparlaryny we onuň dowamynda Serjio Mattarella bilen geçiren duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Italiýa Respublikasynyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara dialogyň ýokary derejesini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň halkara derejede hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, parahatçylyga, dialoga we durnukly ösüşe ygrarlylygy görkezýändigini belledi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny yzygiderli goldaýandygy üçin Italiýa minnetdarlyk bildirdi.

Biz Italiýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyna ýokary baha berýäris. Biz hem, öz gezegimizde, Italiýa bilen hyzmatdaşlygymyzy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýäris – diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynda geçirilen birinji «Merkezi Aziýa – Italiýa» sammitiniň ähmiýetini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini we bu waka mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýdyp, Prezident Serjio Mattarellany foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Prezident Serjio Mattarella çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy we parahatçylygy pugtalandyrmakda eýeleýän möhüm ornuna Italiýada ýokary baha berilýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Prezident Serjio Mattarella Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň toplumy boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege we iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.