Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary

2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Gabala şäheriniň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti Geýdar Aliýew adyndaky kongres merkezinde geçirildi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.
Sammit işine başlamazdan ozal, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi surata düşmek dabarasy geçirildi.
Prezident Ilham Aliýew sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendikleri üçin hoşallyk bildirdi hem-de umumy taryhy, dili, medeniýeti, ruhy-ahlak gymmatlyklary bolan halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmakda Türki Döwletleriň Guramasynyň ähmiýetini belledi.
Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň şu günki ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmaga çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu guramanyň umumy taryha, medeniýete, ruhy mirasa we dile esaslanýan dostlukly halklarymyzyň halkara guramasy bolup durýandygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, Türki Döwletleriň Guramasynyň türki döwletleriň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmakdaky, sebitleýin we halkara derejede bilelikdäki tagallalardyr hereketleri utgaşdyrmakdaky ähmiýeti bellenildi.
Gahryman Arkadagymyz çykyşynda türki döwletleriň halklarynyň medeniýetiniň, diliniň we däp-dessurlarynyň umumylygyna aýratyn ünsi çekdi.
Oguzlaryň neslinden gelip çykan türkmenleriň syýasy mirasynyň hem möhüm ähmiýeti bellenildi. Gahryman Arkadagymyz türkmen halky asyrlaryň dowamynda beýleki doganlyk halklar bilen birlikde uly taryhy ýoly geçendigini aýtdy. Ol diňe bir döwletlilik kadalaryny we däp-dessurlaryny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde özara gatnaşyklaryň, medeni alyşmalaryň ösmegine, dürli söwda ýollarynyň döredilmegine wajyp goşant goşdy diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen birlikde, biziň döwletlerimizde ýaşaýan halklaryň asyrlaryň dowamynda birek-birek bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary saklandygyny bellemek gerek. Munuň mysaly hökmünde Beýik Ýüpek ýoluny görkezmek bolar – diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ýurtlar bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini bellenildi. Ýurdumyz özara bähbitli gatnaşyklary berkitmek, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak ugrunda tutanýerli tagalla edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk we beýleki strategik ugurlarda sebit hem-de halkara ähmiýetli iri taslamalary öňe sürýär.
Türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn orny hem nygtaldy.
Bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk halklarymyzyň özboluşly milli aýratynlyklaryny we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ony kämilleşdirmekde, dünýä tanatmakda uly ähmiýete eýedir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we bilelikdäki medeni-köpçülik çärelerini guramak boýunça işleri güýçlendirmegi teklip etdi.
Iki halkyň halyçylyk we haly dokamak däplerini ösdürmek, bedew atlary, hususan-da, ahalteke we garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça gadymy sungaty gaýtadan dikeltmek babatda tagallalary bellenildi. Gahryman Arkadagymyz ylym, bilim we sport ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn ähmiýet berdi.
Milli Liderimiz ýokarda beýan edilen asylly maksatlara ýetmek, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky wesýetlerine eýerip, öňde duran möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ähli döwletler bilen has önjeýli we ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.
Çykyşynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi hem-de sammite gatnaşyjylary bu şanly sene we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.
Çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz sammite gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, türki döwletleriň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş, asuda we bagtyýar durmuşy arzuw etdi.
Prezident Ilham Aliýew çuň manyly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, çykyşyň dowamynda beýan edilen teklipleriň türki döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde uly ähmiýetini belledi.