Aktauda türkmen artistleri özleriniň sahna ussatlyklaryny görkezdi

img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherindäki N.Žanturin adyndaky sazly drama teatrynda türki dilli döwletleriň halkara teatr festiwalynyň Maksatnamasyna laýyklykda,  ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň S.Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň ussat artistleri çykyş etdiler. Olar türkmeniň taryhyny suratlandyrýan “Baýram Han Türkmen” atly drama spektaklyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Bu spektakly görmek üçin ýurduň Mangistau oblastynyň çäginde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de Gazagystanyň raýatlary uly gyzyklanma bildirdiler.