Türkmenabat şäherinde Merkezi Aziýa boýunça köpugurly lukmançylyk merkezi işläp başlady

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz şeýle desgalaryň gurluşygynyň barşyna şolaryň ähli möhüm tapgyrlarynda, şol sanda desgalar gurlanda we enjamlaşdyrylanda hut özi gözegçilik edýär.
Geçen ýylyň başynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Lebap welaýatyna iş saparynyň barşynda Türkmenabatda şol köpugurly lukmançylyk merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz hassahananyň çäklerini synlap, bu özboluşly edaranyň diňe tutuş ýurdumyzdan däl-de, eýsem, daşary döwletlerden, ozaly bilen, goňşy ýurtlardan, şol sanda Owganystandan näsaglary kabul etmäge-de mümkinçilik berjekdigini belledi.
Asyrlarboýy türkmen halkyna mahsus bolan belent ynsanperwer gymmatlyklaryna eýe bolan ýurdumyz Owganystana ynsanperwer kömegini yzygiderli ugradýar, onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge uly goldaw berýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna Owganystanda mekdep, saglyk öýi hem-de çaga dogrulýan öý gurlup, ýerli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak üçin oňa lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň topary, lukmançylyk hem-de beýleki zerur bolan serişdeler ugradyldy. Şeýlelikde, Türkmenistan goňşy ýurtda bäbekhana gurmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň işlemegini hem öz howandarlygyna aldy.
Mundan başga-da, döwletara ylalaşyklarynyň esasynda Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde owgan talyplarynyň onlarçasy bilim alýar. Olar dürli hünärlere eýe bolýarlar.
Häzir türkmen elektrik energiýasy ýeňillikli şertlerde Owganystan Yslam Respublikasynyň demirgazyk welaýatlaryna iberilýär. Goşmaça energiýa kuwwatlyklarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen bolsa ýurdumyz Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny ep-esli artdyrmaga taýýardyr.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ikitaraplaýyn gatnaşyklarda uly ähmiýete eýedir. Bu giň gerimli taslamanyň amala aşyrylmagy owgan ykdysadyýetini ösdürmäge, maýa goýumlaryny çekmäge, ileri tutulýan durmuş meselelerini çözmäge, täze iş orunlaryny döretmäge gös-göni ýardam eder.
Şu ýylyň fewralynda Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň Prezidentleriniň, Pakistanyň we Hindistanyň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optika süýümli aragatnaşyk ulgamlaryň düýbi tutuldy. Kerki — Ymamnazar — Akina täze demir ýolunyň açylyş dabarasy boldy.
Mahlasy, türkmen halky hoşniýetli goňşy hökmünde doganlyk owgan halkynyň kynçylyklaryna raýdaşlyk bildirýär hem-de parahatçylygy we durnuklylygy gazanmakda onuň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasynda daşary ýurtly näsaglaryň gelmegi, şeýle hem hassahanany ylmy-usulyýet we işgärler bilen üpjün etmek bilen bagly guramaçylyk meseleleri çözüldi. Lukmançylyk merkezinde işlemek üçin ýokary derejeli hünärmenler çekiler, şu maksat bilen paýtagtymyzdaky we daşary ýurtlardaky ugurdaş hassahanalar bilen ýakyn gatnaşyklar ýola goýlar.
Hassahananyň golaýynda saglygy goraýyş işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy bina edildi, onuň gurluşygyna 2016-njy ýylyň iýulynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda badalga berildi. Toplum 3 we 4 otagly öýleri, oňat enjamlaşdyrylan aşhanalary, eýwanlary bolan ýokary amatlykly 4 gatly jaýlaryň 6-syny öz içine alýar. Umuman, ýaşaýyş jaý toplumy 200-e golaý maşgalanyň ýaşamagy üçin niýetlenendir.
Gurluşyk-gurnama işlerini “Altyn bürgüt” we “Gadymy nagyş” hususy kärhanalarynyň hünärmenleri amala aşyrdylar. Gurluşlar we serişdeler bilen Türkmenabadyň “Demirbetonönümleri” önümçilik birleşigi üpjün etdi.
Ýaşaýyş jaý toplumynyň çäkleri ajaýyp abadanlaşdyrylyp, bu ýerde dynç alyş zolaklary, çagalar oýun we sport meýdançalary guruldy, agaç nahallarynyň ýüzlerçesi oturdyldy. Şolar owadan çyralar, ýodalar, oturgyçlar bilen bilelikde, ajaýyp seýilgäh zolagyny emele getirýär.
Saglygy goraýyş şäherçesiniň açylyş dabarasy uly baýramçylyga öwrülip, oňa şäher we welaýat häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenabadyň hormatly ýaşululary, köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Howa şarlary we dürli reňkli toý baglary, çarçuwaly şygarlar bilen bezelen bejeriş binalarynyň ýanynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp özgertmelerini wasp edýän aýdymlar we sazlar ýaňlanyp, döredijilik toparlary joşgunly tanslary ýerine ýetirdiler.
Döwrebap lukmançylyk toplumy 50 müň inedördül metre golaý ýa-da 8 gektar meýdany eýeläp, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň, Irlandiýanyň, Şweýsariýanyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy kärhanalarynyň lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly hassahanany we ýokanç keselleri hassahanasyny, lukmanlar üçin ýaşaýyş jaý toplumyny öz içine alýar. Bu iri maýa goýum taslamasy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “NAHAL” hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy.
676 orunlyk 5 gatly baş binada gaýragoýulmasyz tiz kömek, anesteziologiýa-reanimasiýa, angiografiýa, pulmonologiýa, endokrinologiýa, gastroenterologiýa, fizioterapiýa, gemodializ, rentgenologiýa, oftalmologiýa, hirurgiýa, kardiologiýa, otorinolaringologiýa, nefrogematologiýa, neýrohirurgiýa, newrologiýa, merkezi we periferiki nerw ulgamynyň keselleri, oňurga patologiýasy, rewmatologiýa, toksikologiýa, trawmotologiýa hem-de ortopediýa, urologiýa, trawmotologiýa bölümi, gan banky, barlaghana we beýlekiler bar.
Gije-gündiz işleýän gaýragoýulmasyz tiz kömek bölüminde syrkawlary barlamak üçin otaglar, keseli dessin we takyk anyklamak, hassalara kardiologiýa, newrologiýa, pulmonologiýa, endokrinologiýa, gastroenterologiýa, hirurgiýa ýaly ugurlar boýunça ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin otaglar bar.
Bu ýerde ulanmak üçin ykjam, ygtybarly we amatly reanimasiýa hem-de anyklaýyş enjamlary oturdyldy. Lukmanlaryň ygtyýarynda “Nihon Kohden Europe GmbH” ykjam defibrillýator, “Oxylog 2000 Plus” kysymly göçme emeli dem alyş enjamy we beýleki tehnikalar bar. Şeýle hem “Tiz kömek” gullugy bilen hassahana getirilen örän agyr ýagdaýdaky adamlar üçin tiz bejeriş ýörite otaglar göz öňünde tutuldy.
Trawmotologiýa bölüminiň operasiýa otagy hem täze döwrebap lukmançylyk abzallary, ýagny “Drager” kompaniýasynyň (Germaniýa) “Fabius Tiro” narkoz beriji enjamlary, köpugurly operasiýa stoly bilen üpjün edildi. Hassahanada syrkawlary hasaba almagyň elektron ulgamy ornaşdyryldy. Hassalar kesellerine baglylykda, zerur hünärmeniň ýanyna hem-de gündizki bejergiler üçin degişli bölüme ugradylýar.
Hassahananyň rentgenologiýa bölüminde oturdylan öňdebaryjy enjamlar, şol sanda dünýä belli “Toshiba” kompaniýasynyň öndürýän “Aguilion ONE Vizion” kompýuter tomografy keselleri takyk anyklamaga ýardam eder, ol 4D görnüşdäki suraty almaga mümkinçilik berýär.
“Magnetom Essenza Siemens” magnitli rezonans ulgamynyň kömegi bilen keselleriň birnäçesini ýüze çykarmak bolýar. Olar dürli sowuklama hem-de çişler, gan-damar we nerw ulgamlarynyň, oňurga hem-de bogunlaryň keselleri we beýlekilerdir. Bu usul köplenç ýagdaýda keseli diňe irki döwründe ýüze çykarmaga däl-de, eýsem, onuň gelip çykyşyny kesgitlemäge, öz wagtynda dogry bejergini bellemäge mümkinçilik berýär.
“Siemens” kompaniýasynyň “Luminos Fusion” flýuoroskopy — bu öýken kesellerini anyklamak üçin sanly enjamdyr. Adaty flýuroskoplar bilen deňeşdireniňde, ol näsagyň bedenine rentgen şöhlelenmäniň ýaramaz täsirini doly diýen ýaly aýyrýar. Şeýle hem bölümde ykjam rentgen ulgam —“Mobilett Mira Max Siemens AG, Siemens Healthcare GmbH” sanly ulgam ornaşdyryldy, ol süňk bogun ulgamynyň, aşgazan-içege, garyn boşlugy we beýleki keselleri anyklamakda möhümdir.
Maslahat beriş we anyklaýyş bölüminde näsaglary ýokary hünärli kardiolog lukmanlar, rewmatologlar, endokrinologlar, psihiatrlar, oftalmologlar, akuşer-ginekologlar, otolaringologlar we pediatrlar kabul edýärler. Bu ýerde lukmançylygyň soňky gazananlaryna laýyklykda üpjün edilen belli bir ugurly anyklaýyş otaglary bar.
“Toshiba Aplio-500” ultrases barlag enjamy oturdyldy. Bu enjam düýpgöter täze, döwrebap usula esaslanyp, kliniki taýdan takyklygy boýunça özboluşly we ýokary derejedäki şekilleri oňat hilde görkezmäge ukyplydyr. Enjam sensor dolandyryş paneline, kabul ediş-geçiriji ýaýlymlaryň onlarça müňüsine, datçikleriň 30-dan gowrak görnüşine eýe bolup, garyn boşlugyny, kiçi beden agzalaryny, damar-skelet ulgamyny, iýmit geçiriji beden agzalaryny, kardiologiýa barlaglaryny geçirmek üçin niýetlenendir.
«Toshiba Aplio 500» UZI-skaneriň kömegi bilen ýüregiň morfologiýasyny we üýtgemelerini hem-de onuň klapan enjamynyň (EHO-KG usuly), şeýle hem beýniniň ultrases barlaglaryny, şol sanda täze doglan çagalarda (bir ýaşa çenli) geçirmek mümkindir. Bu anyklaýyş usuly magnit-rezonans tomografiýasynyň usulyny çalyşdy.
Anesteziologiýa — reanimasiýa bölümi 24 orundan ybarat bolup, onuň esasy wezipesi keseli agyrlaşan näsaglara güýçlendirilen bejergi we dikeldiş çärelerini amala aşyrmakdan, hirurgiýa operasiýalarynda, anyklaýyş-funksional barlaglarda agyrsyzlandyrmanyň dürli usullaryny ulanyp, näsaglara ýardam bermekden we hassahana gyssagly getirilen näsaglara gaýragoýulmasyz intensiw lukmançylyk kömegini bermekden ybaratdyr.
“Drager” kompaniýasynyň işläp taýýarlan “Infiniti Omega” atly ýörite kompýuter progammasy näsaglaryň ýagdaýy baradaky görkezijileri özünde jemleýär hem-de olary ýazyp saklaýar we arhiwleşdirýär. Statistika maglumatlary ylmy-barlaglar geçirilende hünärmenler tarapyndan peýdalanyp bilner.
Näsagyň beden agzalarynyň görkezijileri “Infiniti Delta” kardiomonitorlaryň kömegi bilen anyklanýar, olar näsaglaryň ýagdaýyna, arterial gan basyşyna, dem alşyna, ýüregiň urşuna ganyň düzümindäki kislorodyň derejesine, bedeniň temperaturasyna gözegçilik etmäge ýardam edýär.
Bölümde oturdylan “Drager Sawina 300” emeli dem alyş enjamlar häzirki wagtda öňdebaryjy we ygtybarly enjamlar hasaplanýar. Olaryň kömegi bilen dem alyş beden agzalarynda hem-de öýkenlerde keseli bolan adamlarda bejeriş geçirilýär.
“TES-5631” kardiodefibrillýatory näsagyň ýürek işjeňliginiň bozulan halatynda, aritmiýalaryň dürli görnüşlerinde gyssagly gaýragoýulmasyz kömek bermäge niýetlenendir. Güýçli täsirli derman serişdelerini takyklanan mukdarda damar içine goýbermek üçin “Injectomat MC Agilia” hem-de “Volumat MC Agilia” perfuzomatlary ulanylýar.
Bulardan başga-da, bölümde näsaglarda goşmaça barlag geçirmek hem-de bejeriş mahaly keseli anyklamak, şol sanda häzire çenli bar bolan enjamlaryň arasynda has kämil hasaplanýan “Aplio 500 TUS-A500/WA” ultrases enjamlary, “Mobilet Mira Max” ykjam rentgen enjamy bolup, ol agyr ýagdaýda ýatan ýa-da hereketi çäklendirilen näsaglarda rentgenografiýa barlagyny geçirmek üçin niýetlenendir.
Iş orunlarynyň awtomatlaşdyrylmagyna hem-de operasiýalaryň geçirilýän mahaly hirurglaryň we anesteziologlaryň lukmançylyk gurallary bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Narkoz üçin “Drager” kompaniýasynyň “Fabius Plus XL” we “Fabius Tiro” enjamlary häzirki zaman anesteziýa we öýkeni emeli ýagdaýda howalandyrmak usullaryny ulanmaga mümkinçilik berýär. Ýörite manitoryň enjamyna birikdirilen ekranda grafiki tablisa görnüşinde gan basyşy, ganyň düzüminde kislorodyň möçberi, näsagyň ýürek urşunyň ýygylygy, kömürturşy gazy, azodyň we näsagyň anesteziýa wagtynda dem alanda howanyň anestetiki derejesi baradaky maglumatlar peýda bolýar. Bu maglumatlar kardiohirurga, anesteziologa we beýleki hünärmenlere näsagyň häzirki ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Gany ýygnamak, arassalamak we guýmak üçin “Fresenius Kabi” nemes kompaniýasynyň “CATS Plus” enjamy, gany, onuň düzümleriniň, şeýle hem infuzion erginleri näsagyň bedenine goýbermezden ozal doň ýagdaýdan eretmek hem-de gyzdyrmak üçin ýörite enjamlar — “Barkey S-line” we “SAHARA-III” göz öňünde tutulandyr, olar içki gan urmalary tiz saklamak üçin zerurdyr.
Angiografiýa-hassahananyň işiniň ýene-de bir ugry. Bölümde “Toshiba” ýapon kompaniýasynyň önümi bolan “Infinix VF-i” angiografi oturdylyp, ol anyklaýyşda, şeýle hem ýürek-damar ulgamynyň kesellerini irki wagtda bejermekde, çylşyrymlaşmalaryň öňüni almakda, damarlaryň işjeňligini dikeltmekde ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar.
Köpugyrly barlaghana klinika-biohimiýa, sitologiýa, bakteriologiýa we beýleki barlaglary geçirmek üçin niýetlenen enjamlar bilen üpjün edilip, olar “EliTechGroup”, “Fresenius Kabi Deuschland”, “Glaswa-renfabrik kari Hecht”, “Horiba ABX SAS”, “SIEMENS”, “Tcoag Ireland Limeted” kompaniýalarynyň getiren enjamlarydyr.
Hususan-da, olar «VIDAS PC» aýratyn kompýuterli awtomatiki immunoanalizator, “ABX MikrosES60” kysymly gematologiki analizator bolup, ol 18 ölçeg boýunça ganyň seljermesini geçirmäge ukyplydyr, 4 tolkunly mehaniki analizator-“KC-4 Delta” koagulometri bolup, onuň kömegi bilen ganyň goýalmagynyň seljermeleri geçirilýär, “Mikrolab300” biohimiýa analizatory we beýlekilerdir.
Bu enjamlar ganyň dürli keselleri — leýkoz, gemofiliýa, Werlgofyň keselleri, şeýle hem osteoporoz, epilepsiýa, şeýle hem az ganlylygyň birnäçe görnüşleri barlananda ulanylýar. Barlaghanada ulanylýan immunologiýa analizatorlary galkan görnüşli mäziň gormonlaryna seljerme geçirilende, şeýle hem wiruslaryň birnäçe görnüşleri barlananda ýakyndan ýardam edýär. Biohimiýa analizatorlarynyň kömegi bilen bagyr, böwrek, aşgazanasty mäz keselleri kesgitlenilýär.
Fizioterapewtiki bölümiň enjamlary amatly seçilip alnypdyr. Hususan-da, bu ýerde elektro we magnito terapiýasy, lazer, ultramelewşe we ultrases terapiýasy üçin abzallar bar. Parafin we ozokerit applikasiýalary, refleksoterapiýa, owkalamak ulanylar, dem alyş ýollary keselli näsaglar üçin bolsa, dürli dermanlyk serişdeleriniň ingalýasiýasy ulanylar.
Ýokary basyşly kislorod kamerasy ýürek-damar we endokrin ulgamlarynyň, dem alyş we iýmit siňdiriş agzalarynyň kesellerini bejermek üçin ulanylýar. Ol maddalaryň alyşmagyny hem-de damarlarda gan aýlanyşyny, dezintoksikasiýany gowulandyrmaga ýardam edýär, trofiki ýaralaryň bitmegini hem-de operasiýadan soňky ýaralaryň bitmegini, şeýle hem döwük-ýenjiklerden we şikeslerden soň, süňkleriň regenerirlemegini çaltlandyrýar, dokumalarda çişleriň azalmagyna we öýjükleriň täzelenmegine ýardam edýär.
Gastroenterologiýa bölüminde näsaglaryň 30-sy bir wagtda bejergi alyp biler. Bu ýerde döwrebap enjamlary peýdalanmak bilen irki anyklaýyş hem-de aşgazan-içege we bagyr kesellerini bejermek üçin ähli şertler döredildi. Lukmanlaryň ygtyýarynda sensor ekranly awtomatiki 3 tolkunly «CARDIOVIT MS-2010 SchillerAG» elektrokardiografy bar. Bu planşet ykjam EKG enjamy ýokary basyş şertlerinde işlemek üçin niýetlenip, esasan näsagyň saglyk ýagdaýyna gije-gündiz gözegçilik etmek üçin niýetlenendir.
Fitoterapiýa burçunda dermanlyk ösümliklerinden dürli melhemlik çaýlary we beýleki däri-dermanlar taýýarlanar.
Gemodializ bölüminde ussat hünärmenler işleýär. Onuň tapgyryny geçirmek üçin “Fresenius FMC” kompaniýasynyň (Germaniýa) “emeli böwrek” “5008S” ýokary tehnologiýaly enjamy ulanylar. Häzir ol ýiti we ötüşen böwrek ýetmezçiligi keselini bejermek, gany toksinlerden we zyýanly galyndylardan arassalamak üçin has netijeli usullaryň biri bolup durýar.
Toksikologiýa bölümi öz nobatynda “Multifiltrate” enjamlarynyň ikisi bilen üpjün edilip, olaryň kömegi bilen näsaglara himiki maddalar, derman serişdeleri, kömelekler bilen zäherlenmelerde, ýylan we mör-möjekler çakanda, iýmite bolan allergiýa reaksiýalarynda we dürli intoksikasiýa bilen emele gelen beýleki ýiti kesellerde gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi berler.
Merkeziň beýleki bölümleri, şol sanda oftalmologiýa bölümi hem saglyk üçin pes töwekgelçilikli kyn operasiýalary geçirmäge, döwrebap hyzmatlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän innowasion üpjünçiligi bilen tapawutlanýar. Onuň düzüminde stasionar bolup, ol terapewtiki oftalmologiýa üçin niýetlenendir. Lukmanlaryň ygtyýarynda döwrebap kompýuterleşdirilen abzallar bolup, olar gaşlaryň, ýaş çykaryjy ýollaryň, gözüň görejiniň we düýbüniň kesellerini anyklamak we bejermek üçin ulanylýar.
«QUANTEL MEDICAL» fransuz kompaniýasynyň «Aviso» UZI enjamy, «HEIDELBERG» nemes kompaniýasynyň «Spectralis OCT» tomografy gözüň bardasynyň, onuň damarlarynyň kesellerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Döwrebap kompýuter we lazer tehnologiýalary näsaglaryň ozal umytsyz hasaplanan gözlerini saklamaga mümkinçilik berýär. Bu usul gözleriň damar, sowuklamasyny we çişmesini anyklamak üçin örän ähmiýetlidir.
Mikrohirurgiýa oftalmologiýasynyň operasiýa bölümi iki otagy öz içine alýar: olaryň biri lazer bejergileri, beýlekisi gözlerde çylşyrymly operasiýalary etmek üçin niýetlenendir. Bu ýerde«ТAKA GI Seiko» mikroskoplary, «QERTLI» fakoemulsifikatorlary we witreotomlary, «QUANTEL MEDICAL» we «EXELSIUS MEDICAL» lazer enjamlary bolup, olar göz ümezlenmesini aýyrmak, linzalary goýmak, görejiň lazer korreksiýasyny geçirmek, gözlere gara suw inmesini, göz çaşylygyny, ýakyndan we uzakdan görmezligi we beýleki keselleri netijeli bejermek boýunça operasiýalary geçirmäge mümkinçilik berýär.
Bulardan başga-da, merkezde fizioterapewtiki oftalmologiýasy otagy hereket edýär, bu ýerde “LAST” we “LOT” geliý-neon lazeri, lazer stimulýatorlary, “KROT” elektrostimulýatory, magnitoterapiýasy üçin “AMOATOS” we “Amblikor” enjamlary ornaşdyryldy.
Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasynda hirurgiýa bölümlerini üçüsi göz öňünde tutuldy. Olaryň her birinde aýratyn operasiýa zaly bar. Mundan başga-da, kiçi operasiýa, funksional barlag we anyklaýyş otaglary bar. Otaglarda elektrik hereketlendirijileri bolan “LINET” köpugurly krowatlary goýuldy, olar merkezleşdirilen aragatnaşyk ulgamlary hem-de kislorod geçiriji ulgamlar bilen üpjün edildi.
Infarkt bölüminde ýürek-damar ulgamynyň kesellerine, hususan-da, işemiýa, gipertoniýa, kardiomiopatiýa, miokardit ýaly kesellere sezewar bolan näsaglar tiz we takyk anyklamany, netijeli bejergini hem-de lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň we enjamlaryň gözegçiliginde dikeldiş idegini alyp bilerler. Hünärmenler näsaglaryň angiografiýa barlagyny geçirip, olary doga ýürek keselleriniň dürli görnüşlerinde açyk we endowaskulýar usullary bilen dessin bejergä, şeýle hem ýüregi iýmitlendiriji damarlary, aorto iýmitlendiriji damarlary şuntirleme usullary bilen bejergä ugradýarlar.
Otorinolaringologiýa we äň-ýüz hirurgiýasy bölüminde gulak, bokurdak we burun keselleri bilen bagly operasiýalar, şol sanda polipleri aýyrmak, dem alşy we eşidişi dikeltmek, sowuklama we wirus kesellerinden, gaýmorotomiýa, burun kentlewügini dogrulamak, ýüzüň süňkleri, aşaky äň döwlende, şeýle hem burnuň plastikasy, traheostomiýa, bokurdakda papillomlary lazer bilen aýyrmak ýaly operasiýalar ýerine ýetirilýär. Şunda döwrebap gurallar we enjamlar, şol sanda gulak, burun, bokurdak kesellerini anyklamakda we bejermekde täze enjamlaryň biri — “Otopront” wideoendoskopy ulanylýar.
Operasiýalar bölüminde ýokary tehnologiýaly “Coblator II” elektrohirurgiýa enjamy ornaşdyryldy. Ol “Arthro Care” kompaniýasynyň (ABŞ) önümi bolup, onuň kömegi bilen badam şekilli mäzleri gan çykarmazdan aýyrmak mümkin bolar. Bu usul sowuk plazmanyň ulanylmagyna esaslanyp, näsagyň tenini operasiýadan soň, gysga möhletde bitişmegi we agyrsyz kesmäge ýa-da aýyrmaga mümkinçilik berýär. Sowuk plazmaly hirurgiýa LOR-da — ABŞ-nyň, Ýewropanyň we Russiýanyň hassahanalarynda üstünlikli ulanylýar.
Nefrogematologiýa bölüminiň stasionarynda hereket edýän krowatlary, sowadyjylary we telewizorlary bolan iki orunlyk otaglardyr. Bu ýerde böwregiň ýiti we ötüşen kesellerini, şeýle hem anemiýa, gemafiliýa, gan damarlaryny bejermek işleri amala aşyrylar. Bulardan başga-da, lukmançylygyň bu ulgamynda ylmy-barlaglary geçirmek meýilleşdirilýär.
Kelle we boýunoňurga şikeslerini we çişlerini, osteohondrozlary, neýropatiýa, skolioz, kifos kesellerini kesgitlemek, oňurgaara disklerinde operasiýalary geçirmek we beýlekiler neýrohirurgiýa bölüminiň esasy ugry bolup durýar.
Bulardan başga-da, hassahanada oňurganyň newrologiýasy we patologiýasy bölümi göz öňünde tutulyp, bu ýerde näsaglary bejermek üçin ýörite enjamlar bilen bir hatarda iglorefleksoterapiýa, bejeriş blokadalary we manual terapiýasy ulanylar.
Beýni gan aýlanyşygy, pulmonologiýa we urologiýa bölümlerinde näsaglar bejerginiň innowasion usullaryny alarlar.
Bu ýerde «Dornier Compact Sigma» nemes kompaniýasynyň önümi bolan litotripter ornaşdyryldy. Böwrekde we peşew haltasynda daşlary ýüze çykarýan we owradýan ýokary tehnologiýaly bu enjam elektromagnit urgy tolkunlary arkaly bejergi geçirmäge mümkinçilik berer. «Dornier Medilas” kompaniýasynyň ýene-de bir döwrebap enjamy daşlary lazer bilen owratmak üçin niýetlenendir.
Rewmatologiýa bölüminde bogunlaryň sowuklama we degeneratiw kesellerini bejermek, rewmatoid artridi, glýukokortikosteroitleriň bogun içre sanjymlary, gialuron kislotasy, hondroprotektor derman serişdeleri, puls-terapiýa, plazmaferez, autoplazmoterapiýa, autoimmune keselleriň irki kesgitlenmesi we beýlekiler ýerine ýetiriler.
Trawmatologiýa we ortopediýa bölüminde «KARL STORZ» artroskopy giňden peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Onuň kömegi bilen dyz bogunlarynda dürli operasiýalar geçiriler. Artroskopiýa arkaly egin, tirsek, çanaklyk-bud ýanjyk we daban-injik bogunlarynda dürli bejergileri geçirmek mümkindir. Pes inwaziw operasiýalar netijesinde näsaglar stasionar bejergisinde az wagt bolup, saglygyny we işe ukyplylygyny tiz dikeldip bilerler.
Bulardan başga-da, bölüm dürli fiksatorlaryň, şol sanda Ilizarowyň enjamy bilen açyk we ýapyk döwüklerde osteosintez hem-de näsagyň özünden alnan süňk transplantatlar üçin zerur bolan zatlar bilen üpjün edildi. Türkmenistanda ýokanç keselleriň ösmegine we ýaýramagyna ýardam edýän töwekgelçilik ýagdaýlaryny öz wagtynda ýüze çykarmaga uly üns berilýär. Şol keseller işjeň bejergi alynmagyny, öňüni yzygiderli almak we gözegçilik etmek boýunça çäreleriň geçirilmegini talap edýär.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, indokrin keselleriniň arasynda süýji keseli we galkan mäziniň keselleri köp duş gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze hassahananyň endokrinologiýa bölüminde şolaryň öz wagtynda kesgitlenilmegi hem-de bejerilmegi düýpli agyrlaşmalardan gaça durmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem näsaglar bilen süýji keseliň aýratynlyklary, dogry iýmitlenmegiň we sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti baradaky meseleler boýunça maslahatlaşmalar geçiriler.
Köpugurly hassahananyň üç gatly binasynda ýokanç kesellerini bejeriş we öňüni alyş merkezi ýerleşdirildi. Binanyň birinji gatynda näsaglary kabul etmek üçin hassahananyň kabul ediş bölümi bar hem-de her näsagy güman edilýän ýokanjyna laýyklykda aýratyn otaglarda kabul etmek we zerur bolanda gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler bar. Şeýle hem şu gatda howa-damja ýoly arkaly geçýän keselli näsaglary bejermek üçin niýetlenen bölüm ýerleşdirildi.
Reanimasiýa bölümi ýokanç keselleriň agyr görnüşlerini bejermäge niýetlenendir. Ol “Babylog-8000 plus” görnüşli dem alyş enjamlary, ulular üçin “Drager Savina 300” respiratorlary, operasiýa otagy bolsa “Drager Fabus Tigo” narkoz enjamy bilen üpjün edildi.
Hassahanada barlaglaryň ähli görnüşleri geçirilýär, şolar beden agzalarynyň ýagdaýyny anyklamaga kömek edýär. Barlaghanada Germaniýa döwletiniň önümi bolan “Rotor Gene Q5 Plex” kysymly QIAGEN GmbH öndürijiniň enjamy oturdyldy. Bu enjam barlag materialynda (gan, suwuklyk) wiruslaryň, bakteriýalaryň ujypsyz mukdarda bolan ýagdaýynda hem takyk tapmaga mümkinçilik berýär.
Barlaghananyň bakteriologiki bölüminde ýokary derejeli enjamlar ornaşdyryldy. Şolar gysga wagtyň dowamynda mikroorganizmleriň bardygyny ýa-da ýokdugyny ýüze çykarmaga hem-de infeksiýany döredijileriň görnüşini kesgitlemäge kömek edýär.
Molekulýar genetiki barlaghana wirusly gepatitleri we peşew çykaryş ýollarynyň kesellerini anyklamaga, şolaryň kliniki alamatlarynyň bolmadyk ýagdaýynda hem kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Döwrebap endoskopiki otag belli “Fujifilm Corporation” ýapon şerekediniň “EG 530 WR” gastroskopy hem-de “ES conta530WL3” kolonoskopy bilen enjamlaşdyryldy.
“Fibroskan” enjamy bagyr kesellerini we patologiki ýagdaýda bagryň dokumasynda ýüze çykýan üýtgeşmeleri anyklamakda ýokary mümkinçilikli enjam bolup durýar. Bu enjam 3-5 minudyň dowamynda bagyr dokumalarynda bolup geçýän patologiki we fiziologiki üýtgeşmeleri kesgitläp, bejergide takyk netijäni kabul etmäge ýardam edýär.
Hassahanada ornaşdyrylan ýokary basyşly kislorod kamera ylmyň iň soňky gazananlaryny öz içine alýan ýokary tehnologiki enjam bolup durýar. Näsagyň ýürek, gan-damar ulgamynyň işjeňligine ýöriteleşdirilen monitoryň üsti bilen gözegçilik geçirilýär. Bu kamera arkaly bejergi dokumalarda gan aýlanyşygyny we madda çalşygyny, dezintoksikasiýany gowulandyrýar, umuman ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrýar.
Ýokanç keseller hassahanasynyň 2-nji gaty wirusly gepatit keselli näsaglary bejermäge niýetlenendir. Bu ýerdäki dispanserde ýiti we dowamly wirusly gepatit keselinden ejir çekýän näsaglar lukmanlaryň gözegçiliginde bolar.
Binanyň 3-nji gatynda içege ýokanjy bölümleri bolup, kiçi ýaşly, uly ýaşly çagalar hem-de ulular bölümlerini öz içine alýar.
Bölümlerde çagalar üçin HORIZON 300 elektrik çaga krowatlary, otaglarda kiçi ýaşly çagalar üçin “ZERO1120” kysymly “Favero Health Projects Spa” (Italiya) önümi bolan gundamak üçin niýetlenen stollar goýuldy.
Köpugurly hassahanada näsaglary gyssagly ýagdaýda ugratmak zerurlygy ýüze çykan halatynda lukmançylyk awiasiýasyny peýdalanmak üçin dikuçar meýdançasy gurnaldy, ýörite aragatnaşyk ulgamlaryny, lukmançylyk işgärleri tarapyndan näsaglaryň çagyryşlaryna öz wagtynda seslenmegi üpjün etmek üçin gepleşik enjamlary, bejeriş işleriniň hem-de näsaglara hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulandyr.
Baýramçylyk dabaralarynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hassahana tiz lukmançylyk kömegini bermek üçin flýuorografiýa, gan almak üçin we beýleki enjamlar bilen üpjün edilen ýörite awtoulaglar sowgat berildi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öň ýanynda Maryda çagalar hassahanasynyň açylyş dabarasynyň bolandygyny bellemek gerek.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi täze, döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, hassahanalaryň, bejeriş-keseliň öňüni alyş edaralarynyň, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleriniň gurluşygynda hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Bular döwlet Baştutanymyzyň milletimiziň saglygy baradaky aladasynyň ajaýyp subutnamasydyr.
Saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak hem-de olary öňdebaryjy tilsimatly bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmek, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky Gaznasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky Gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Mary şäherinde çagalar hassahanasyny gurmak barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 30-njy aprelinde karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugyna Mary welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde bu hassahanany gurmak üçin ýer bölegini bermek boýunça namalary bellenen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanyň öňden gelýän iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini bellemek gerek. Soňky ýyllarda netijeli döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Muňa türkmen Lideriniň hem-de BAE-niň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň arasyndaky gatnaşyklara mahsus bolan özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesi ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň mart aýynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi sapary döwletara gatnaşyklaryny okgunly ösdürmekde möhüm waka boldy. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al-Nahaýýan özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini hem-de Mary şäherinde çagalar hassahananyň gurluşygynyň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasyna ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gatnaşýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Ine, şu günler bolsa döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Mary şäherinde welaýatyň körpelerine hyzmat etjek täze dört gatly çagalar hassahanasy işläp başlady.
Hassahananyň esasy wezipesi keselleriň öňüni almakdan we bejermekden ybaratdyr. Bu bejergi ygtybarly we iň täze usullar arkaly amala aşyrylýar. Hassahana öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilip, halkara ölçeglerine doly kybap gelýär.
Saglygy goraýyş edarasynyň düzümine hirurgiýa, gastroenterologiýa, newrologiýa hem-de rewmokardiologiýa, reanimasiýa, anesteziologiýa, anyklaýyş we maslahat beriş, kabul ediş, barlaghana, radiologiýa, gan banky bölümleri girýär. Bu ýerde näsaglary dürli ugurly hünärmenler — oftalmolog, otolaringolog, endokrinolog, kardiolog, urolog, trawmotolog-ortoped, surdology we beýlekiler kabul eder. Çagalaryň her birine döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň köp görnüşleri hödürlener.
Hünärmenleriň ygtyýarynda döwrebap lukmançylyk enjamlary bar. Hususan-da, anyklaýyş we maslahat beriş bölümi, elektroensefalograf, rentgen, tomograf, wideofibrobronhoskop, fibrogastroskop, EKG hem-de beýleki iň täze enjamlar bilen üpjün edilendir. Fizioterapiýa otagynda elektro, ýylylyk we yşyk terapiýasynyň dürli usullaryny (UWÇ, elektroforez, kwars hem-de beýlekiler) ulanmak üçin iň täze enjamlar bar. Bejeriş bedenterbiýesi otagynda dürli sport enjamlary ornaşdyryldy.
Kabul ediş bölüminde hem gaýragoýulmasyz ýagdaýda agyr keselleri bejermek üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerdäki otaglar kislorody bermegiň merkezleşdirilen ulgamy, elektrosorujy enjamlar we beýlekiler bilen üpjün edildi. Zerur bolan halatynda näsaga emeli dem bermek üçin Germaniýanyň “Drager” kompaniýasynyň enjamlary gurnalan monitorlaryň üsti bilen näsag çaganyň arterial gan basyşyny, ýürek urgusyny, ganyň kislorod we kömürturşy gazy bilen üpjünçiligini, beden gyzgynlygyny takyk barlamaga mümkinçilik bar.
Dermanlary takyk ölçeýän ýörite gurallaryň bolmagy çagalara agramyna görä dermanlary goýbermäge mümkinçilik döredýär. Operasiýa bölüminde ýörite otag narkoz enjamlary, monitorlar, ulaldyp görmek üçin wideokameralar hem-de beýleki gerek bolan enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýokanç keselli näsaglar ýüz tutanda, olary beýleki näsaglardan aýry ýerleşdirmäge niýetlenen ýörite otag bar. Bu ýerde hem näsag çaga ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin hemme şertler döredildi.
Barlaghana bölüminde ornaşdyrylan “Siemens”, “ELITE Tech Group”, “Horiba ABX”, “Thermo Fisher Scientific”, “BioMerieux” ýaly ýewropa kompaniýalarynyň döwrebap analizatorlarynyň kömegi arkaly ýaglaryň, uglewodlaryň, beloklaryň we minerallaryň çalşygyndaky özgerişlikleri ýüze çykaryp bolýar. Olar içki mäzleriniň, gemostas ulgamynyň görkezijilerine baha berip, barlaglary halkara ölçeglerine kybap getirmäge mümkinçilik berýär.
Hassahanada çaganyň irki ösüşi we goşulyşma otagy hem bar. Munuň özi pediatriýanyň ösüşinde döwlet derejesinde täze ugurdyr.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar hassahanasynyň öňünde çaganyň ösüşindäki näsazlyklary ir ýüze çykarmak, maşgala usulyýet kömegini bermek, şahsy maksatnamalary, çagalar üçin okuw we oýun sapaklaryny işläp taýýarlamak ýaly wezipeleri goýdy.
Bu ýerde bejerişiň dürli usullary bilen birlikde, dermanlyk ösümlikleri ulanmak arkaly fitoterapiýanyň göz öňünde tutulandygy bellärliklidir. Hassahanada bolýan çagalaryň her biri melhemlik içgilerden, bejeriş çaýlaryndan we beýleki içgilerden peýdalanyp bilýär.
Hassahanada diňe bir ýokary takyklykdaky keseli anyklaýyş we bejeriş enjamlary bolman, eýsem, beýleki ýörite gurallar hem bar. Bir we iki orunlyk otaglarda ähli şertler döredildi. Şepagat uýasynyň merkezi bölümi göz öňünde tutuldy.
Enäniň we çaganyň saglygyny goramak, sazlaşykly ösýän nesli terbiýeläp ýetişdirmek döwletimiziň durmuş ugurly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Bu babatda esasy ýörelge, öňküsi ýaly, üýtgewsiz galýar — enäniň saglygy — bu sagdyn nesildir we ýurdumyzyň bagtyýar geljegidir.
Döwrebap çagalar hassahanasynyň açylyş dabarasy nurana baýrama öwrüldi. Oňa ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, welaýatyň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky Gaznasynyň ynsanperwer işleri boýunça baş direktory Muhammet Al Huri boldy.
Şeýlelikde, Awazada, Türkmenabat we Mary şäherlerinde açylan täze desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly, anyk durmuş ugurly syýasatynyň netijesidir, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar bu syýasatyň esasyny düzýär hem-de Türkmenistanda halkyň saglygy we abadançylygy barada içgin alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.