Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy 1992-nji ýylda Türkmenistanyň gurama agza bolan wagtyndan bäri dowam edýär. Şol döwrüň içinde ýurdumyz Milletler Bileleşiginiň dürli başlangyçlaryna gatnaşyp gelýär. Şeýle hem Türkmenistan Baş Assambleýanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň ÝUNISEF, ÝUNESKO, Ösüş maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýaly ýöriteleşdirilen edaralarynyň işine yzygiderli goşant goşýar.
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe möhüm Kararnamalar kabul edildi. 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnama Türkmenistanyň sazlaşykly ýaşamak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygynyň nyşanyna öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherine bu gezekki iş sapary hem Türkmenistanyň uzak möhletleýin we köpugurly gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagy maksat edinýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Birnäçe sagatdan Türkmenistanyň Prezidentimiziň uçary Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary dowam edýär.