Türkmenistanyň DIM-de Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara düzümleriň çäklerindäki iki ýurduň özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Hususan-da, taraplar maddy däl medeni mirasy gorap saklamak we dünýä ýaýmak maksady bilen ÝUNESKO-nyň çäklerinde bilelikdäki işiň ähmiýetini bellediler.