Ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Baştutanlaryna sowgatlar gowşuryldy
2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde geçirilen üçtaraplaýyn ýokary derejeli duşuşygynyň hormatyna medeni çärä gatnaşdylar.
Bu ýerde guralan dabara Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bilen başlandy.
Şanly wakanyň hormatyna geçirilen dabara gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň gözelligini, çeýeligini we çapyksuwarlar bilen bedewleriň sazlaşykly hereketlerini uly buýsanç duýgulary bilen synladylar.
Soňra belent mertebeli myhmanlara sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.
Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşandyklary, geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça oňyn çözgütleriň kabul edilendigi we ylalaşyklaryň gazanylmagyna goldaw berendikleri üçin, türkmen tarapynyň çuňňur hoşallygynyň nyşany hökmünde dostlukly ýurtlaryň Baştutanlaryna hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň we tutuş türkmen halkynyň adyndan Tawus atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň we türkmen halkynyň adyndan köşekli arwana düýäniň sowgat berilýändigi yglan edildi.
Milli Liderimiz doganlyk döwletleriň Baştutanlary bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi hem-de olary sowgatlary bilen gutlady.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine Tawus atly ajaýyp bedewiň güwänamasyny uly hormat bilen gowşurdy. Şeýle hem Milli Liderimiz “Ula hormat, kiçä sylag” diýen paýhasly jümlä eýerip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine arwana düýäniň resminamasyny gowşurdy.
Doganlyk döwletleriň Liderleri gowşurylan bu sowgatlary öz ýurtlaryna we halklaryna bildirilen çuňňur hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändiklerini nygtap, munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize, tutuş türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Dabara tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.
Şol gün Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden öz ýurtlaryna ugradylar.