Türkmenistan bilen Butan Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Butan Patyşalygynyň Daşary işler we daşary söwda ministri Dina Nat Dungýeliň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde we olaryň durnukly ösüşini üpjün etmekde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny (LLDC3) geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar syýasy-diplomatik ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we halkara düzümleriň çägindäki hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, hususan-da ýurtlaryň we halklaryň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy ösdürmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň we oňyn bitaraplygyň ähmiýetini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sebit we halkara derejelerde äden anyk ädimleri nygtaldy.
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek boýunça işlemek barada ylalaşdylar.