Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.
Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistana gelmäge hemişe şatdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni we Arkadag şäheriniň iki ýyllygy bilen mähirli gutlady hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.
Şeýle hem kompaniýanyň müdiriýetiniň başlygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belledi we munuň üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigini aýtdy.
Milli Liderimiz şu günki duşuşygyň hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmaga we ony ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilip, netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Munuň şeýle bolmagyna halklarymyzyň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklar ýardam berýär.
Şunuň bilen baglylykda, hususy pudakda netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti bellenildi. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň uly tejribesi toplanyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistanda möhüm taslamalary, hususan-da, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, kompaniýanyň işine ýokary baha berdi we toplanan oňyn netijäni nazara almak bilen, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.
Işewür bildirilýän ýokary ynam, şeýle hem Türkmenistanda işlemäge döredilýän giň mümkinçilikler we şertler üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.