Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissaryny kabul etdi

2025-nji ýylyň 12-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi.
Ýewropa komissary wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa komissaryny mähirli mübärekläp, myhmanyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň dowamynda ýokary derejeli duşuşyklaryň geçiriljekdigini hem-de onuň sebitde uly portlaryň biri bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp görjekdigini aýtdy we bu saparyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmaga, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik gatnaşyklar has-da işjeňleşdirilýär.
Özara hyzmatdaşlygyň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda-da ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistanda ylym-bilim, ekologiýa, energetika ulgamlarynda, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek babatda hem Ýewropa Bileleşigi bilen birnäçe taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşmegi bilen baglylykda, üstaşyr ulag geçelgelerini kämilleşdirmek strategik ähmiýete eýe bolýar.
Şunda Türkmenistanda Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça geljegi uly ulag geçelgeleriniň işjeň ösdürilýändigi nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň aýratyn ähmiýetini belläp, onuň uly möçberli ýük akymlarynyň ýoluny we wagtyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýändigini, Gara deňziň kenarlaryna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa, Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çykmak üçin amatly şertleri döredýändigini aýtdy we portuň Ýewraziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikela özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.