Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň wekillerini kabul etdi
2024-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Abbas Aliabadini we Eýranyň Merkezi bankynyň başlygy Mohammad Reza Farzini kabul etdi.
Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyklaryny bildirip, ösüşler we özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Prezident Masud Pezeşkianyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de eýran wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bu gatnaşyklar, däp bolşy ýaly, häzirki wagtda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýär.
Ýurtlar syýasy-diplomatik, maliýe-ykdysady, energetika, oba hojalygy, ulag, medeni-ynsanperwer ugurlarda köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýarlar.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orny eýeleýär.
Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek, ony iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli özara pikir alyşmalaryň peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde birnäçe möhüm energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu işleriň ekologik howpsuzlygy nazara almak bilen amala aşyrylýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmäge gönükdirilen teklipdir başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryň iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.