Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 28-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan giň möçberli dabaralara gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, myhman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hoşniýetli arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi.

Arkadagymyz myhmany mübärekläp, ony myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi. Tatarystanyň Raisiniň Türkmenistana saparynyň ähmiýeti barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri munuň biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini, ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýandygyny subut edýändigini aýtdy.

Daglyk ýerleriň gözel künjeginde gezelenjiň dowamynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklara mahsus özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi hyzmatdaşlygy dürli derejelerde netijeli ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistany we Tatarystany köpasyrlyk taryhy gatnaşyklar, halklaryň medeniýetiniň, diliniň, däp-dessurlarynyň umumylygy baglanyşdyrýar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde doganlyk Tatarystan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda alyp barýan işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmäge meýillidigini tassyklady.

Soňra Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän “Gala” medeni-dynç alyş merkezinde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Raisiniň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow mähirli hoşlaşyp, birek-birege berk jan saglyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.