TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÄHLUMUMY MASLAHATY
Ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek häzirki döwürde Dünýä ösüşiniň gün tertibiniň esasy ugry. Ulag pudagynda ulgamlaýyn we anyk maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň birnäçe kararnamasynda, hususan-da, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün ed...
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi
Türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilen Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Bu Konstitusion kanunyň kabul edilmegi ýurtda başy başlanan konstitusion özgertmeleriniň wajyp dowamy bolup, ol syýasy ulgamyň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegine, döwletde we jemgyýetde yzygider demokratiýa başlangyçlarynyň, hususan-da, köp dürlüliligiň we köp partiýalylygyň ornaşdyry...
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisi öz işine başlady
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň açylyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. Döwlet baştutany öz çykyşynda 25 ýylyň içinde ýurduň garaşsyz syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ugurlarynyň ösüşini suratlandyryp, ýurduň we jemgyýetiň häzirki ýagdaýyny häsiýetlendirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, geçen çärýek asyrda ýurdumyzyň esasy önümçilik gorlaryna gönükdirilen 144 milliar...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkiýe Respublikasynda harby agdarylyşyk synanyşmasy baradaky maglumatlar Türkmenistanda çuň ynjalyksyzlyk bilen kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti türk halkyna we döwletine goldawyny hem-de Türkiýedäki ýagdaýlaryň durnuklaşjakdygyna berk ynamyny beýan etdi. Döwletiň baştutany Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, ýurdumyzy taryhy we doganlyk gatnaşyklary bilen baglaşdyrýan Türkiýede bolup geçýän hadysalary hemişelik ýagdaýda gözegçilik etmegi we ýurtdaky...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PAKISTANA RESMI SAPARY TAMAMLANDY
2016-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi saparynyň ikinji, jemleýji güni boldy. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri, onuň kabulhanasy ýerleşýän, bu ýurduň iň meşhur dag şypahanalarynyň birine – Yslamabatdan, takmynan, 50 kilometrlikde bolan Mari etrabyna baryp gördüler. Bu ýerde, Pakistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ulag-aragatnaşyk ulga...
2016-njy ýylyň Türkmenistan Watanymyzda "Mirasa sarpa goýmak, Watany Özegertmek" ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp medeni çäre
2016-njy ýylyň 1-nji martynda, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (ş. Aktau) konsullygynyň başlangyjy bilen Mangystau oblastynyň Munaýly etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda 2016-njy ýylyň Türkmenistan Watanymyzda "Mirasa sarpa goýmak, Watany Özegertmek" ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp medeni çäre gurnaldy. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyş...
Delide Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi
2016-njy ýylyň 13-nji fewralynda, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyny ýerine ýetirmek çarçuwasynda, şeýle hem, 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Nýu Deli şäheriniň «Täj Mahal» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçihanasy Hindi-Türkmen Dostluk Jemgyýeti bilen bilelikde «Garaşsyzlygynyň we ösüşiň 25 ýyly: Türkmenistan we Hindistan» atly...