TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistan özüniň esasy milli baýramy bolan Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi belleýär. Säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp ýadygärlik toplumynyň çäginde bina edilen, häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda hemişelik orun alan, ýurdumyzyň özygtyýarlylygyna eýe bolan senesini alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasynyň etegine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Ir bilen bu ýere şäher ilatynyň müňlerçesi we köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Güýz şemalyna pasyrdaşýan ýaşy...
TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA DURMUŞ ÄHMIÝETLI DESGALARYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY
2017-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda paýtagtymyzda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlan durmuş maksatly desgalaryň açylyşy mynasybetli dabaralar dowam etdi. 18 sany ýaşaýyş jaýlary, mekdep, çagalar bagy we söwda merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyry ähli amatlyklar göz öňünde tutulan 72 öýli 12 gatly jaýlaryň 12-sini hem-de 48 öýli 12 gatly jaýl...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GATNAŞMAGYNDA GURLUP ULANMAGA BERILÝÄN KOTTEŽLER TOPLUMYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY
2017-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda şäheri ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berilýän kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda 208 sany 2 gatly bir maşgala niýetlenen kottežler we 16 sany 3 we 4 gatly kottež görnüşli 4 we 6 öýli uly giňişlikdäki ýaşaýyş jaýlar Aşgabadyň günorta-günbatarynda emele geldi. Kottežler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň seriş...
“TÜRKMENISTAN- BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” DÖWRÜŇ WE SIWILIZASIÝANYŇ GEPLEŞIGI
2017-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdmuhamedowyň “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly taze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä Hökümet agzalary, biziň ýurdumyzda akreditirlenen diplomatik gullugynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem jemgyýetçiligiň, köpçülileýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýurt baştutanynyň taze kitaby bolan “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň...
«HAZAR SEBITINDE PARAHATÇYLYK, DURNUKLYLYK WE HALKARA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA MASLAHATY
2017-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyznatdaşlyk» atly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan gurnaldy. Çärä Türkmenistanyň daşary işler, goranmak, maliýe we ykdysadyýet ministrliklerinden, deňiz we derýa ulaglary, serhet gulluklaryndan, balyk hojalygy, gidrometeorolog...
Türkmenistanyň Prezidenti GDA ýurtlarynyň döwlet ýolbaşçylarynyň Sammitine gatnaşdy
2017-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi şäherine bardy. Biziň ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda çykyş edýär. Duşuşyga taýýarlyk görmegiň çäklerinde 10-nj...
Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň mejlisinde ýurduň öňe gidýän ösüşiniň esasy meselelerine garaldy
2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Ahal welaýatynda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Umumymilli maslahatda geljekde ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşiniň, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatyň wekilleriniň arasynda hormatly ýaşulular, Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, m...