TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY - AKTAU
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşdy
Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG tarapyndan yglan edilen “2018 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly Hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanan Ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny y...
Автобан Ашхабад-Туркменабат: в режиме экономического ускорения
Высокоскоростную автомобильную магистраль – Ашхабад-Туркменабат построит ОАО «Туркменавтобан» - член Союза промышленников и предпринимателей Туркменистана. Президент Гурбангулы Бердымухамедов распорядился выделить на реализацию этого проекта кредит на сумму до 2,4 миллиардов долларов США на льготных условиях. Предприниматели предложили общую схему местоположения и технические характеристики высокоскоростной дороги. Главная отличительная особенность будущей магистрали – высокоскоростной режим...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan hem-de adamzadyň ahlak we ruhy päkligini dünýä ýaýýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Däp bolşy ýaly, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda hem parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik ýaly gymmatlyklary özünde jemleýän bu gadymy baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da belende göterjekdigine, beýik...
Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy
Ýurdumyzyň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli daşary hem-de içeri syýasatynyň halkara ykrarnamasyna we belent baha mynasyp bolýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu waka 13-nji iýunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde bolup geçdi. Milli Liderimiz ildeşlerimizi bu şanly waka bilen gutlap, Garaşsyz hem Bitarap döwletimiz...
Welosiped sportuny wagyz etmekde Türkmenistanyň tejribesi Ginnesiň rekordlar kitabynda
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi netijesinde dünýäniň sport, jemgyýetçilik hem-de habarlar toparlarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerini, hususan-da, welosiped sportuny wagyz etmekde ýurdumyzyň tejribesine we türkmen Lideriniň şunda eýeleýän ornuna, şeýle hem geçiril...
Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Şu gün dünýäniň köp ýurtlarynda ilkinji gezek Bütindünýä welosiped güni bellenildi, bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyryldy. Bu waka ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerini kemala getirýän döwlet hökmünde halkara derejede döredijilik we parahatçylyk dörediji kuwwatyny ýene bir gezek äşgär etdi....
Türkmenistany senagatlaşdyrmak: himiýa senagatynyň kuwwaty artýar
Türkmenistanyň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmaga gönükdirilen syýasaty ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykardy we himiýa senagatynyň okgunly ösüşine kuwwatly itergi berdi. Pudagyň ägirt uly kuwwatlyklary giň möçberli tebigy serişdelere, ýokary tehnologiýaly düzümde döredilýän mümkinçiliklere esaslanýar. Beýleki pudaklarda bolşy ýaly, gaýtadan işleýän senagatda himiýa pudagyna möhüm orun degişlidir. Bu pudak milli ykdysadyýetimizi ösüşiň çig mal serişdeleri ýolundan täze...