Aşgabatlylar Koreýa Respublikasynyň kino sungaty bilen tanyşdylar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Koreýa Respublikasynyň Ilçihanasy bilelikde gurnan Koreý hepdeliginiň çäklerinde “Aşgabat” kinoteatrynda koreý filmleri görkezildi, olar sungatyň bu görnüşiniň bu ýurtda ösüş ugurlary, şeýle hem halkara gözden geçirilişlerinde uly gyzyklanma döredýän Günorta Koreýa kino önümleriniň stilistik we žanr köpdürlüligi bilen tanyşdyrdy.
“Dul aýalyň syry” filmi ХVIII asyryň başynda bolan detektiw wakadan söhbet açýar. Deduksiýa usulyndan başy çykýan zehinli aňtawçy şanyň gizlin tabşyryklaryny ýerine ýetirýär. Tomaşaçylar dürli başdan geçirmeleriň we syýasy pirimleriň şaýady bolýarlar, onda baş gahryman we onuň dosty her hili ýagdaýlardan baş alyp çykýarlar. Filmdäki äpet we eýmenç itleriň ikisi onuň ýordumyna hyýaly häsiýetler berýär. Film aktýorlaryň ussatlarça oýny, oýun goýujy nakgaşyň we operatoryň takyk işleri bilen ýatda galýar.
Aýdym-sazly “Estrada ýyldyzy” filminde ýaş aýdymçylaryň tanymallyga ýetýänçä geçýän ýolundan söhbet açylýar. Filmde baş gahrymanyň tomaşaçylaryň söýgüsini gazanýança duş gelýän pursatlary görkezilýär. Filmiň ahyrynda onuň bäsleşigiň Baş baýragyna mynasyp bolmagy we söýgüsiniň bagtly dowamy romantiki melodramanyň muşdakalrynyň göwnüni awlady.
Aşgabatly tomaşaçylara görkezilen üçünji – “Arahan” filmi Gündogaryň başa-baş söweşlerine bagyşlanan. Öz wagtynda gaýduwsyz we batyrgaý bolan ýedi Ussat iňirdewik garry bolup galypdyrlar. Haçan-da sada polisiýa işgäri Arahana gabat gelenlerinde özleriniň oňa gereklidigine düşünýärler... Gündogaryň başa-baş söweşleriniň usullary ýaramaz we päk güýçleriň gapma-garşylgy bilen utgaşyp gidýär. Gülküli sahnalary bolan filmde ýedi Ussadyň Arahana Zulumdan üstün çykyp, söýgüsini tapyşy barada gürrüň berilýär.
Koreý hepdeliginde görkezilen filmlerde dürli duýgular, joşgun-hyjuwlar, gaýduwsyzlykdyr parasatlylyk barada söhbet açylýar. Bu eserler milletiň medeni özboluşlulygyny beýan edip, dünýä kinosynyň ösüşine Gündogar garaýşyny görkezýär.