Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Türkmen milli logistik-ekspeditorçylyk assosiasiýasyny döretmek teklibini goldady

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow göni aragatnaşykda DIM-niň alyp barýan işleri, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durnukly ulag ulgamy boýunça halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu ulgamdaky hyzmatdaşlyk ählumumy gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda bu pudakda, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli işler alnyp barylýar. Hyzmatdaşlygyň sazlaşykly we netijeli häsiýete eýedigini bellemeli. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul edýän degişli Kararnamalary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýewraziýa giňişliginde sebitara we halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistan ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça birnäçe teklipler bilen çykyş etdi. Şolaryň amala aşyrylmagy «Demirgazyk — Günorta» we «Günbatar — Gündogar» ugurlary boýunça ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmaga mümkinçilik berer. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ulag ulgamy toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylýar we täze düzümleýin desgalar gurulýar.
Ekspeditorlar assosiasiýasynyň halkara federasiýasy (FIATA) bilen özara gatnaşyklar berkidilýär. Bu federasiýanyň ýolbaşçysy 2-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Beýik Ýüpek ýoly —–täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahata gatnaşdy. Häzirki döwürde ştab-kwartirasy Şweýsariýanyň Glattbrug şäherinde ýerleşýän bu federasiýanyň agzalygyna dünýäniň 150 döwletinden ugurdaş düzümler girýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna ýurdumyzda Türkmen milli logistik-ekspeditorçylyk assosiasiýasyny döretmek we onuň soňlugy bilen Ekspeditorlar assosiasiýasynyň halkara federasiýasynyň doly hukukly agzalygyna girmegi baradaky teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça işjeň orny eýeleýändigini belledi. Häzirki şertlerde bu möhüm ugurdaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek sebit hem-de ählumumy derejedäki durnukly ösüşiň, oňyn goşulyşmak hereketleriniň möhüm bölegidir.
Bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurdumyz iri düzümleýin taslamalary üstünlikli durmuşa geçirip, anyk başlangyçlary öňe sürýär we şol bir wagtyň özünde täze, has giň möçberli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kemala gelmegine mynasyp goşant goşýar diýip, milli Liderimiz belledi. Şeýle taslamalaryň hatarynda maý aýynyň başynda ulanmaga berlen we Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde dikeldilmegini şertlendirýän hem-de häzirki zaman multimodal ulag-üstaşyr we logistika ulgamyny kemala getirmekde wajyp orny eýeleýän Türkmenbaşynyň täze Halkara deňiz porty bar. Şeýlelikde, sebitara we yklymara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikler açylýar.
Hormatly Prezidentimiz FIATA bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we Türkmen Milli logistik-ekspeditorçylyk assosiasiýasyny esaslandyrmak hakyndaky teklibi oňlap, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri amala aşyrmagy hem-de Türkmenistanyň durnukly ulag ulgamy boýunça işjeň başlangyçlaryny öňe ilerletmek we durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy.