Pudaklaýyn forumlar — 2018: Türkmenistanyň şähergurluşyk maksatnamasynyň gerimi — halkyň bähbidine
Şäherlerde we obalarda toplumlaýyn düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmak, halkyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda yzygiderli amala aşyrylýan hem-de ata Watanymyzyň ähli sebitlerini gurşap alan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy maksady bolup durýar.
Milli Liderimiz möhüm gurluşyk taslamalarynyň başyny başlamak bilen, olary işläp taýýarlamagyň hem-de durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny yzygiderli gözegçilikde saklap, öňde goýlan wezipeleri çözmäge, şol sanda bezeg we ekologiýa ugurlary, desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, zerur bolan ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki hem-de ulag-aragatnaşyk düzümini döretmäge täzeçil, oýlanyşykly çemeleşmegiň ähmiýetini belleýär.
Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň uly mümkinçiliklerini nazara almak bilen, pudaklaýyn forumlar ýurdumyzyň we daşary ýurtly hünärmenleriň arasynda özara tejribe alyşmak hem-de gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly orna eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji dekabrda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzda guralýan halkara sergileriň ähmiýetini belledi. Olar beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýär. Şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlygy ýokary derejede ösdürmegi dowam etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Häzirki wagtda işleri üstünlikli alyp barmak üçin has amatly şertler döredildi — milli kanunçylyk kämilleşdirilýär, maýa goýum işjeňligi höweslendirilýär. Elbetde, ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri, çäk taýdan amatly ýerleşmegi munuň üçin uly mümkinçilikleri açýar. Döwletimiz maýadarlar üçin salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikler görnüşinde uly goldawy üpjün edýär. Netijede, jemi içerki milli önümiň önümçiliginde maýa goýumlarynyň paýy yzygiderli ýokarlanýar, maýa goýum taslamalarynyň we bilelikdäki kärhanalaryň sany artýar.
Gurluşyk pudagyny ösdürmäge uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 28-nji awgustda Aşgabatda “Türkmengurluşyk — 2018” halkara sergisi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahat geçirildi.
Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň esasy maksady, gurluşyk toplumynyň we senagatynyň gazanan üstünliklerini hem-de ýeten sepgitlerini, döwrebap tehnologiýalary, taslamalary hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri görkezmekden, innowasiýa häsiýetli gurluşyk tehnologiýalary ulgamynda tejribeleri we maglumatlary alyşmakdan, haryt öndürijileriň hem-de sarp edijileriň arasynda özara bähbitli şertnamalary baglaşmak üçin amatly şertleri üpjün etmekden ybaratdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri üçin taslamalaryň giň gerimliligi mahsusdyr, belent binalar gurulýar, täze şäher etraplary hem-de obalar açylýar, müňlerçe kilometrlere uzalyp gidýän gara we polat ýollar çekilýär, halkara ähmiýetli ulag düzümi döredilýär. Türkmenistanda dowam edýän gurluşygyň gerimi milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr. Şunda diňe gurmak däl-de, eýsem, dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli gurmak möhümdir. Munuň şeýle bolmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekip, potratçylardan hem-de gyzyklanma bildirýän edaralardan şol şertleriň gyşarnyksyz berjaý edilmegini talap edýär.
Milli Liderimiziň ýokarda atlandyrylan foruma gatnaşyjylara Gutlagynda belleýşi ýaly, häzirki wagtda ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýyş-durmuş we önümçilik maksatly döwrebap binalaryňdyr desgalaryň gurluşyklary güýçli depgin bilen alnyp barylýar, olaryň ýokary hilli gurulmagy ýerli hünärmenlerimiziň ýylsaýyn tejribe toplaýandygyna hem-de netijeli işlemegi başarýandygyna güwä geçýär.
“Türkmengurluşyk — 2018” giň gerimli pudaklaýyn sergisine dünýäniň 14 döwletinden — Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýadan, Ispaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Awstriýadan, Fransiýadan, Gresiýadan, Finlýandiýadan, Polşadan, Türkiýeden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Ukrainadan kompaniýalaryň 130-dan gowragy gatnaşdy.
Batly depgin bilen ösýän türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýan daşary ýurtly işewürler hyzmatdaşlygy ýola goýmakda täze mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Munuň şeýledigine sergide görkezilen diňe döwlet pudak kärhanalarynyň däl-de, eýsem, ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda işleýän, iri taslamalary durmuşa geçiren hususy gurluşyk bölüminiň — «Nusaý ýollary», «Altyn nesil», «Aktab», «Ajaýyp gurluşyk», «Beýik bina» we beýleki köp sanly kompaniýalarynyň kuwwaty ýardam edýär.
Ýurdumyzyň hususy kärhanalary halkara ölçeglere kybap gelýän gurluşyk we timarlaýyş serişdeleriniň onlarça görnüşleriniň önümçiligini, hususan-da, ýerli çig maldan öndürilýän aýna mozaikasyny özleşdirýärler. Bu önümiň öndürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek babatda türkmen önüm öndürijileriniň öňünde goýan wezipelerini çözmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň aýna mozaikasy çeper çözgüdi bilen tapawutlanýan binalaryň öňüni bezemekde giňden peýdalanylýar. Olary milli öwüşgin hem-de halk amaly sungatynyň däpleri birleşdirýär. Bezeg serişdesiniň bu görnüşiniň öndürilmegi aýna mozaikasynyň daşary ýurtlardan getirilýän şu görnüşinden doly ýüz öwürmäge mümkinçilik berer.
Deri önümleriniň öndürilişi hem ýola goýuldy. Çig mal ýerli maldarçylyk toplumlaryndan getirilýär. Munuň netijesinde, ýurdumyzda önümleriň täze görnüşlerini, şol sanda ýokary hilli aýakgaplary we mebelleri öndürmek mümkin boldy. Bu önümler eýýäm içerki bazarda daşary ýurtly önümler bilen üstünlikli bäsleşýär, geljekde olary daşary ýurtlara ugratmak meýilleşdirilýär.
Sergide öňdebaryjy daşary ýurt gurluşyk kompaniýalary hem-de innowasion gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini, ýörite tehnikalary öndürýän «Poyatos», «Buig», «Rönesans», «Hebei Weizhengheng Modular House Technology», «Gap Inşaat», «Ticcurila», «Hofmann GmbH» ýaly kompaniýalar öz önümlerini görkezdiler.
Ýol gurluşygynda Türkmenistana özleriniň “nou-haularyny” teklip etmäge taýýar kompaniýalaryň diwarlyklary sergä gatnaşyjylarda we myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Şygary «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» bolan ýylda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir kitabynda giňişleýin beýan edilen bu taryhy ýoly täzeden dikeldýän döwrebap ulag düzümlerini döretmek boýunça iri möçberde taslamalar durmuşa geçirilýär. Müňlerçe kilometr awtomobil ýollary, köprüler, estakadalar, aýrytly ýollar gurulýar. Olary bina etmekde aýratyn inženerçilik çözgütleri we iň täze tehnologiýalar talap edilýär.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň ylmy-önümçilik jemgyýetçiliginiň öňünde nano we kompozit serişdelerini işläp taýýarlamaga işjeň girişmek wezipesini goýýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýurdumyz üçin täze, örän inçe bazalt süýümini çykarýan hem-de ondan taýýarlanylýan ýylylyk saklaýjy we kompozit gurluşyk serişdelerini öndürýän önümçilikleri döretmek boýunça işler dowam edýär. Şeýle önümlere içerki bazarda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň welaýatlary özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ilkinji derejeli ähmiýet berilýär. Bu maksatnama adamlaryň durmuşynyň ýokary ölçeglerini, döredijilikli zähmet çekmegi, oňaýly durmuşy we dynç almagy üçin has amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlary boýunça iş saparlaryny amala aşyryp, ýerlerde gönüden-göni türkmen topragynyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ilerledilişi, halkymyzyň ýaşaýşynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän maksatnamalaýyn çäreler, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, munuň üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri has doly herekete getirmek boýunça wezipeleri çözmäge gönükdirilen möhüm düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen yzygiderli tanyşýar.
“Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahata pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, işewürler, birnäçe daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Çykyşlarda döwrebap tehnologiýalar we dünýäniň şähergurluşyk tejribesiniň nazara alnyşy babatda bu pudagyň ösüşiniň esasy ugurlary beýan edildi.
Çykyşlaryň esasy ugurlarynyň hatarynda ugurdaş taslamalaryň durmuşa geçirilişi, gurulýan binalaryň ygtybarlylygynyň hem-de berkliginiň ýokarlandyrylyşy, ekologiýa we seýsmiki howpsuzlygyň talaplarynyň berjaý edilişi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky meseleler boldy.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň üstünlige beslenýändiginiň nusgalyk mysaly ak mermerli paýtagtymyzdyr. Ol täze gurluşyklarynyň gerimi hem-de ajaýyplylygy bilen örän haýran galdyrýar. Aşgabat okgunlylyk bilen häzirki zamanyň iri şäherine öwrülip, gün-günden dünýäniň şäherleriniň ýaşamak üçin iň owadanlarynyň we amatlylarynyň biri hökmünde barha ynamly ykrar bolýar.
Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň depginli täzelenýän binagärlik keşbini ajaýyp desgalaryň we binalaryň ençeme toplumlary bezedi. Olar täze taryhy eýýamyň hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ösüşlere beslenen döwlet syýasatynyň üstünliginiň aýdyň nyşanlaryna öwrüldi. Birnäçe desgalar, şeýle hem ak mermerli binalaryň dünýäde bir ýere has köp jemlenen şäheri hökmünde Aşgabadyň özi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu bolsa türkmenistanlylaryň hakyky buýsanjydyr.
Bu gün Watanymyzyň paýtagty sebit we dünýä möçberinde netijeli hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi boldy. Bu ýerde ähli zatlary häzirki zamanyň gazananlary, şol sanda gurluşyk senagatynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga isleg bildirýän daşary ýurtly syýahatçylary hem-de jahankeşdeleri özüne çekýär. Milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynda iň täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy gysga wagtda ýurdumyzyň keşbini düýpgöter özgertmäge mümkinçilik berdi.
24 — 25-nji maýda geçirilen “Ak şäherim — Aşgabat” atly XVII halkara köpugurly sergi täze taslamalar we teklipler bilen tanyşdyrmak üçin netijeli çärä öwrüldi. Daşary ýurtly myhmanlara dürli pudaklaryň hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň senagat, medeni we aň-bilim kuwwatyny, ägirt uly durmuş-ykdysady serişdelerini we mümkinçiliklerini görkezýän türkmen halk hojalyk toplumynyň ösüşiniň üstünlikleri bilen tanyşmaga kömek etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gözden geçirilişe gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu serginiň Aziýanyň merjen paýtagtynyň şähergurluşygynda gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä ýaýjakdygyna berk ynam bildirdi. Bu köpugurly sergi şu ugurdaky hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplar üçin ýolgörkeziji bolar hem-de Aşgabadyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, öňdebaryjy tejribeleriň giňden öwrenilmegine uly ýardam eder, diýip milli Liderimiz Gutlagynda belledi.
Şu ýyl ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň firmalarynyň hem-de kärhanalarynyň, Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Koreýanyň, Gazagystanyň, Ukrainanyň we beýlekileriň işewür toparlarynyň 80-den gowragy öz önümlerini görkezdiler.
Daşary ýurtlaryň diwarlyklarynyň hatarynda şähergurluşyk hem-de senagat ulgamynda, ýol-ulag düzümlerinde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýan guramalar we kompaniýalar bar. Olaryň esasy bölegini döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan möhüm taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işewür hyzmatdaşlarymyzyň görkezýändigi bellärliklidir. Olaryň hatarynda «Bouygues Turkmen», «Polimeks», «NATA», «Gap Inşaat», «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi we Tijaret», «Altkom» ýolgurluşyk kompaniýasy, «Interbudmontaž» gurluşyk assosiasiýasy we beýlekiler bar.
Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara pudaklaýyn maslahatlaryň türkmen bazaryna gelip gowuşýan önümleriň hem-de gurluşyk senagatynyň hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagynyň möhüm guraly bolup durýandygyny hem bellemek gerek.
Gurluşyklaryň sanynyň yzygiderli artmagy bu pudagy degişli serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmegi talap edýär. Bu bolsa hünär ugurly täze kärhanalary gurmak hem-de ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly gazanylýar. Öndürilýän ýokary hilli önümler gurluşyk we senagat pudaklarynyň maddy binýadyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Paýtagtymyzyň keşbindäki hem-de şäher düzümlerindäki gerimi we pikiri boýunça deňsiz-taýsyz özgertmeler, onuň iň täze taryhy we geljekki ösüşi, gürrüňsiz suratda, “Ak şäherim — Aşgabat” diýen serginiň mümkinçilik berşi ýaly, aýdyň hem-de giň gerimde görkezilmäge mynasypdyr. Serginiň halkara derejesi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy, diplomatik, ykdysady we sebitiň işewürlik merkezi hökmünde ähmiýet berýän Aşgabadyň derejesini tassyklaýar.
Forumda ýokary tehnologiýaly enjamlar, gurallar, häzirki zaman gurluşyk hem-de timarlaýyş serişdeleri, kompýuter we aragatnaşyk mümkinçilikleri, azyk senagaty ulgamynda gazanylanlar, ekologiýa meselesini çözmekde, sporty hem-de syýahatçylygy, ylmy, işgärler mümkinçilikleri, medeni gatnaşyklary ösdürmekde ýetilen sepgitler görkezildi. Başgaça aýdylanda, bularyň ählisi iri şäheriň keşbini kemala getirýär. Bu ýerde ýurdumyzyň oba hojalyk we azyk senagaty ulgamyndan başlap, ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat kärhanalarynyň hem-de gurluşyk serişdeleri önümçiliginiň gurluşygyna çenli dürli ulgamlarda ýöriteleşen telekeçileri we haryt öndürijileri öz mümkinçiliklerini görkezdiler. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini goldamak we höweslendirmek boýunça maksada gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, olaryň sany Türkmenistanda ýyl-ýyldan artýar. Şeýlelikde, sergide “Ajaýyp bina”, “Ussat inžener”, “Ajaýyp gurluşyk”, “Beýik bina”, “Ojar Aziýa” we beýleki hususy kärhanalar durmuşa geçiren hem-de geljekde amala aşyrmakçy bolýan taslamalaryny görkezdiler.Olaryň hasabynda paýtagtymyzda we sebitlerimizde gurlan ençeme durmuş hem-de önümçilik desgalary bar.
Şu ýyl Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda seýilgähleriň dördüsiniň açylyşy boldy. Olar Berkararlyk etrabyndaky “Kemine”, Köpetdag etrabyndaky “Nurmuhammet Andalyp”, Bagtyýarlyk etrabynda Magtymguly şaýolunyň we Tähran köçesiniň çatrygynda hem-de Büzmeýin etrabynda Gündogar köçesiniň ugrunda gurlan seýilgählerdir. Bular paýtagtymyz babatda “Bag-bossanlyga beslenýän şäher”, “Gür bagly şäher” diýlip aýdylýan meňzetmeleriň hakdygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Bu çeper meňzetmeler şäherleşmegiň häzirki depgininiň ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary ölçegleri bilen tebigy sazlaşýan häzirki wagtda şäher gurluşygynyň düýpgöter täze nusgasynyň mysalynda öz hakyky beýanyny tapýar. “Ýaşyl begres” şäher durmuşynyň möhüm bölegi bolmak bilen, goh-galmagalyň derejesini peseldýär, howany arassalaýar, amatly howa gurşawyny döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda ýaşyl zolagyň şäheri abadanlaşdyrmak işiniň möhüm bölegi bolup durýandygyny yzygiderli belleýär. Şol zolaklary döretmek üçin milli däpler arkaly bag-seýilgäh bezegi ulgamynda, şol sanda kiçi binagärlik görnüşlerini döretmekde, pyýada we welosiped ýodalaryny çekmekde täze innowasion işläp taýýarlamalary peýdalanmagyň zerurdygy görünýär.
6 — 8-nji dekabr aralygynda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň guramagynda geçen “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly binagärlik sergisi hem şähergurluşyk ulgamynda gazanylan üstünlikleri we onuň mümkinçiliklerini görkezdi. Bu ýerde ussatlar bilen birlikde, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hem öz işlerini görkezdiler.
Gözden geçirilişiň çäklerinde, ýurdumyzyň binagärleriniň döredijiliginde täze ýörelgeleri we ugurlary ýüze çykarmaga gönükdirilen bäsleşik hem ilkinji gezek guraldy. Eminler dolandyryş-jemgyýetçilik hem-de syýahatçylyk binalary, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar we desgalar, landşaft binagärligi — seýilgähler we dynç alyş ýerleri, kiçi binagärlik görnüşleri ýaly dört ugur boýunça hödürlenen işleriň 300-e golaýyny seljerdiler. Ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ykdysadyýetiniň üstünlikleri hem-de gazananlary, hususan-da, onuň gurluşyk bölegi bilen dünýä jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrýan pudaklaýyn forumlaryň yzygiderli geçirilmeginiň gyzyklanýan hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga we hemmetaraplaýyn giňeltmäge ýardam berýändigini belleýär.
Sergileriň barşynda daşary ýurtly işewürler gurluşyk ulgamynda, gurluşyk serişdeleriniň, enjamlarynyň we beýlekileriň önümçiliginde hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmak babatda öz tekliplerini hödürleýärler. Mundan başga-da, kompaniýalaryň tanyşdyryş çäreleri geçirilip, olarda önümçilik mümkinçilikleri, halkara bazarlardaky işleri görkezilýär. Şeýlelikde, ýolbaşçylar we hünärmenler, telekeçiler bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýärler.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we iri maýa goýum taslamalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň keşbi düýpgöter özgerýär. Şol ýerlerde täze zawodlar we fabrikler, umumybilim berýän mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş edaralary, medeni hem-de sport merkezleri gurulýar, häzirki zaman ulag düzümi döredilýär. Bu işlerde ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän ugurdaş maslahatlaryň we sergileriň ähmiýeti uludyr. Olarda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň we halkymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen şähergurluşyk syýasatynyň ähli artykmaçlyklary aýdyň görkezilýär.