Gyzylgaýa meýdançasyndaky demir-magdan käni ýurduň gurluşyk senagaty üçin täze mümkinçilikleri açýar
Sementiň has berk görnüşlerini ömdürmekde ýerli çig malyň - demir magdanynyň peýdalanylmagy ýylda ABŞ-nyň on million dollaryna golaý serişde tygşytlamaga mümkinçilik berer. Daşary ýurtlarda öndürilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak ugrunda işleýän Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň hünärmenleri “Türkmengeologiýa” Döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň işgärleri bilen bilelikde Tuwargyr dag-magdan sebitiniň tebigy serişdelerini ulanmagyň mümkinçiligini öwrendiler. Gyzylgaýa meýdançasyndan alynýan demir magdanynyň düzüminiň laboratoriýa barlaglary çig malyň hiliniň ýokarylygyny görkezdi.
“Türkmensement” birleşiginde habar berlişine görä, şu ýyl senagat kärhanalary bu çig maly daşary ýurtlardan satyn almagy bes etdiler. Şu ýylyň 1-nji fewralynda “Çagyl” käninde demir magdany alnyp başlanany bäri pudagyň kärhanalarynyň ählisi zerur çig mal bilen islendik möçberde üpjün edilýär.
Häzirki wagtda “Türkmensement” ÖB-niň tabşyrygy boýunça TYA-nyň Himiýa institutynyň ylmy işgärleri ýerli çig maly ulanyp, sementiň has berk görnüşlerini döretmeklik ugrunda iş alyp barýarlar. Türkmenistan geologiýa ekspedisiýasynyň hünärmenleri ýurduň demirgazyk demir-magdan sebitinde demir magdan känini jikme-jik öwrenýärler. Ýylyň ahyryna çenli gymmatly çig malyň gorlary kesgitlener we ol Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň ygtyýaryna berler. Şu wagtdan hem geologlaryň senagat babatda ummasyz baýlykly kän açandygyny aýtmak bolar. Gyzylgaýa meýdançasynda ýyllyk kuwwwatlylygy 1 million tonna demir öndürýän metallurgiýa zawody gurlaýanda-da kände ýüze çykarylan ýeňil baýlaşdyrylýan magdanyň möçberi ýüzýyllyga ýeterdi.